Sepleriň elýeterliligi

Gijeki klubdaky ýangyn netijesinde ýogalanlaryň sany 154-e ýetdi


Geçen aý Orsýetiň Perm şäherindäki gijeki klubda ýüz beren ýangynyň netijesinde ölen adamlaryň sanynyň şu günki güne çenli 154-e ýetendigi habar berilýär.

Şu gün şol ýangynda ýaralanan adamlardan ikisiniň keselhanada aradan çykmagynyň yzy bilen, Perm regionynyň Adatdan daşary ýagdaýlar baradaky edarasy bu barada ýörite beýanat ýaýratdy.

Bu beýanatda şol ýangynda ýaralananlardan ýene 61-siniň keselhanada bejergi alýandyklary aýdylýar.

5-nji dekabrda ýüze çykan we uly adam ýitgilerine getiren şol ýangyň Orsýetde iň bir uly ýitgili ýangynlardan biri hasaplanylýar.
XS
SM
MD
LG