Sepleriň elýeterliligi

(Şiraly Nurmyradyň erkin terjimesi)

Mundan buýan kemsitdirmen özümi.
Ne salamyň, ne-de senin igenjiň
Höküm edip bilmez meniň kalbyma.
Mundan buýan keseki biz, bilip goý.

Unutgyn sen, men öz erkanalygmy
Mundan buýan çalyşmaryn aldawa.
Şonsuzam ömrümiň ençeme ýylyn
Pida etdim ýylgyrşyňa, gözlerňe.

Şonsuzam men göz ýetirdim ymykly
Ýaşlyk ýyllarymyň umydy bilen,
Hem tutuş dünýäni ýigrendim jandan,
Seni söýmek üçin öňküden beter.

Belki-de, seň aýak astyňa düşen
Hem nirädir akyp giden pursaty
Men öz gursagymdan goparandyryn.
A sen näme berdiň onuň ornuna?

Ruhumyň güýjüne ynamym uly.
Belki, göge talwas eden pikirim
Jahana bererdi gudratly sowgat.
Olam maňa bakylygy bererdi.

Nämüçin mylaýym söz berdiň maňa,
Depämiň täjini beýgeltjek diýip?
Nämüçin sen başdan şeýle bolmadyň,
Beýle bolşuň ýaly ahyrsoňunda?

Başgany söý! Men buýsançly, bagyşla,
Tapjak bol söýgini özge birinde.
Her niçik bolaýsyn zemin kanuny,
Men hiç kime gul bolmaryn, bilip goý!

Belki-de, baş alyp giderin bir gün
Keseki daglara, gunorta tarap.
Ýöne özümize juda belet biz,
Unudaýar ýaly birek-biregi.

Mundan buýan men keýp edip ýaşaryn,
Çem gelene söýgi antyn içerin.
Hemme kişi bilen gülerin bile,
Emma hiç kim bilen aglaşmaryn men.

Öňki söýüşim deý söýmejek bolup,
Mundan buýan çypdyraryn bihuda.
Haýsy aýal mynasypmyş sylaga,
Haçan-da perişde aldanda meni!

Tutuş giň jahany çagyryp jeňe,
Men ölüme, jebri-jepa taýyndym.
Aklymdan azaşdym – ýene bir gezek
Gysmak üçin näzik eljagazyňy.

Aňlamazdan haýyn biwepalygy,
Berdim saňa jigerimi, kalbymy.
Beýle pidaň bilýärmidiň bahasyn?
Sen bilýärdiň -- bilmändirin men seni!
XS
SM
MD
LG