Sepleriň elýeterliligi

Inçekeseliň howpy AIDS-den pes däldir


Inçekeseliň bakteriýalary.

Inçekeseliň bakteriýalary.

Soňky günler Türkmenistanda inçekeseliň ýaýramagy bilen bagly gürrüňler ýene-de örboýuna galdyryldy. “Serhetsiz lukmanlar” toparynyň Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligini inçekesele garşy göreş boýunça ýörite programma gyssagly başlamaga çagyrmagy bilen ýüze çykan wakalar bolsa bu meseläni halkara derejesine çykardy.

Türkmenistanda häzir inçekesele garşy Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň DOTS programmasy boýunça işlenilýär. DOTS (Directly Observed Treatment Strategy)—bu Ambulatoriýa terapiýasynyň tizleşdirilen kursy diýmekdir. DOTS programmasy geçen asyryň 90-njy ýyllarynda Aziýanyň hem-de Afrikanyň iň bir garyp döwletleri üçin Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy tarapyndan işlenip taýýarlanyldy.

Türkmenistanda 2003-nji ýylda herekete girizilen bu programma özüniň juda effektsizdigini görkezdi hem-de inçekeseliň ýaýramagynyň has-da artmagyna, keseliň dermanlara uýgunlaşan görnüşiniň köpelmegine getirdi.

DOTS programmasynyň Türkmenistanda kabul edilmezligine şol wagt ýerli ftiziatrlar kän garşylyk görkezipdiler, emma lukmanlaryň pikirleri diňlenilmedi. Netijede 2003-nji ýyldan başlap, ýurtda inçekeselli hassalar DOTS programmasy boýunça bejergi alyp başladylar. Bu programma netijesinde türkmenistanly hassalar «tejribe towşanjyklary» boldular.

Düýpli problemalar çözülmeli

Türkmenistanda inçekeseliň ýaýramagy hakykatdanam howply derejä baryp ýetdi. Ýöne bu keseli ýeňip geçmek üçin “Serhetsiz lukmanlar” toparynyň inçekesele garşy göreşmäge gyssagly ýagdaýda çagyrýan programmasy ýeterlik däldir. Aslynda inçekesele garşy programmalary kabul etmekde indi Türkmenistana gaty oýlanyşykly hereket etmek zerur. Elbetde, keseliň garşysyna ýörite bejeriş programmasy gerek. Ýöne gep diňe programmany çalyşmakda däl, eýsem düýpli problemalaryň çözülmeginiň wajyplygynda.

Ýangyny öçürmekden onuň öňüni almagyň aňsatlygy hemmelere düşnükli zat. Edil şonuň ýaly-da Türkmenistanda inçekeselden saplanmak üçin her dürli bejeriş programmalaryny kabul etmezden öňinçä, profilaktika işlerini alyp barmak möhümdir.

Aşgabatda inçekeseliň soňky 6 ýylyň dowamynda tiz ýaýramagynyň esasy sebäbi ýurduň öňki prezidenti S.Nyýazowyň görkezmesi bilen 2003-nji ýylda inçekesel hassahanasynyň paýtagtdan 200 kilometr daşlykda ýerleşýän Duşak posýologyna göçürilmegidir. Paýtagtlylar uzak ýere gidip bejerilmejek bolup, özbaşlaryna bejergi alyp, dertden saplanmanyň ýerine öz organizmlerinde inçekeseliň dermanlara ukyply görnüşlerini emele getirip başladylar.

Inçekesel antibiotiklere näçe ukyply boldugyça, ony bejermek şonça-da kynlaşýar. Bu keseliň garşysyna alta golaý antibiotigiň görnüşi ulanylýar. Eger-de inçekesel şolaryň ählisine-de uýgunlaşsa, onda ol AIDS keseli bilen deň derejä öwrülýär. Ony bejermek asla mümkin däldir.

Şonuň üçin ilkinji nobatda paýtagtda azyndan 400 orunlyk ýatymlaýyn bejergi alynýan inçekesel hassahanasyny açmak wajypdyr. Sebäbi bir milliona golaý ilaty bolan Aşgabada hut şeýle orunlyk hassahana zerur.

Ýurduň türmelerinde, LTP-lerde arassaçylyga, tussaglaryň hal-ýagdaýyna gözegçiligi güýçlendirmeli. Çünki her ýylyň dowamynda on müňe golaý tussaglar azatlyga goýberilýär. Olaryň bolsa ikiden biri inçekesel bilen keselläp, daşyna çykýarlar we sagat adamlary öz keselleri bilen ýokaşdyrýarlar.

Her ýylda bir gezek ýurduň ähli raýatlaryny rentgenden geçirmekligi ýola goýmaly. Bu metod Soýuz döwründe giňden ulanylýardy hem-de inçekeseliň irki stadialarynda keselläp ýören hassalaryň tiz ýüze çykarylmagyna ýardam edip, olaryň dertden çalt bejerilmegine oňat kömek edýärdi.

Ine, şu problemalar ilkinji nobatda çözülmese, inçekesele garşy göreşmek boýunça düzülýän bejeriş programmalarynyň hiç biri-de howply keselden rüstem çykmaga ýardam bolmaz.

Şu blogda öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG