Sepleriň elýeterliligi

Bir ýyl mundan öň ýurduň prezidentiniň kararyna laýyklykda ýol çyzgylaryna hem-de swetoforlara gözegçilik etmek Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginden aýrylyp, ýurduň Gara ýollar ministrliginiň garamagyna geçirilipdi.

Şeýle karara gelinmegi bilen ýol çyzgylarynyň ýerine ýetirilişi hem-de swetoforlara gözegçilik edilişi gowulanar öýdülipdi. Emma bu düýbünden tersine bolup çykdy.

Ýol çyzgylaryna hem-de swetoforlara gözegçilik etmek IIM-niň Döwlet ýol gözegçiligi gullugyna degişlikä, işler sazlaşykly alnyp barylýardy. Haçanda ýolda swetofor döwlen mahaly ýol gözegçisi dessine bu barada öz gulluk ýerine habar berýärdi. Netijede bolsa, hatardan çykan swetofor uzaga çekdirilmän bejerilerdi.

Ýol çyzgylaryna hem-de swetoforlara gözegçilik etmek Gara ýollar ministrliginiň garamagyna geçensoň welin bu meselede býurokratiýa başlandy.

Ýolda islendik ýüze çykýan meselede ilkinji nobatda ýol gözegçileri habardar bolýar. Bu swetoforlar babatynda hem şeýledir. Ozal çatrykda hatardan çykan swetofor hakda öz edarasyna habar berýän ýol gözegçisi, indi bu habary Gara ýollar ministrligine ýetirmeli bolýar. Ministrlik bolsa öz garamagyndaky pudagyň işgärlerine haýsy ýerde swetoforyň hatardan çykandygyny aýdýar.

Problema ýok ýaly, ýöne bar

Göräýmäge, bu ýerde problema kän bir ýok ýalam. Ýöne, gynandyrýan ýeri, iki ministrligiň işgärleriniň arasynda biri-birine pitjiň atyşmagyň başlamagydyr. Bu pitjiň atyşma soňky döwür hasam görnetin duýlup ugrady.

Gyş paslynyň gelmegi bilen, ýagynly howalaryň köpelmegi sebäpli, paýtagtyň köçelerinde şu günler swetoforlar tiz-tiz döwülýärler. Ýöne ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleri hatda agyr çatrykda swetofor hatardan çykanda-da muny degişli ýerine wagtynda habar bermeýärler.

Swetofor işleýänçä ýol gözegçileri çatrykda regulirowka etmäge hem kän bir höwes edenoklar. Sebäbi swetoforlara gözegçilik etmek ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleriniň wezipesine girmeýär.

Serdar Gulgeldiýew aşgabatly synçy. Şu blogda öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG