Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Täjigistan: Ýer titremesi müňlerçe adamy öýsüz goýdy


Daglyk Badahşan sebitinde 2-nji ýanwarda bolan ýer yranmasy obalylalaryň müňlerçesini aldajy aýazda öý-öwzarsyz goýdy.

Daglyk Badahşan sebitinde 2-nji ýanwarda bolan ýer yranmasy obalylalaryň müňlerçesini aldajy aýazda öý-öwzarsyz goýdy.

Täjigistanyň daglyk Badahşan sebitinde 2-nji ýanwarda, şenbe güni irden bolan güýçli ýer yranmasyndan soň müňlerçe adam öýsüz galdy.

Resmiler Täjigistanyň Wanj etrabynda güýçli ýer titremesinden soň halas ediş işleriniň alnyp barylýandygyny aýdýarlar. Daglyk Badahşan sebitinde 2-nji ýanwarda bolan ýer yranmasy obalylalaryň müňlerçesini aldajy aýazda öý-öwzarsyz goýdy.

Ýer yranmasynyň güýjüniň 5.2 ball bolandygy we güýçli sarsgynyň ýüzlerçe öýi doly ýa bölekleýin ýykyp-ýumrandygy aýdylýar. Täjigistanyň Adatdan daşary ýagdaýlar komiteti ýer yranmasynda iki adamyň ýaralanandygyny, emma öleniň ýokdugyny aýdýar. Obalylaryň köpüsi ilkinji sarsgyndan soň öýlerinden çykyp gaçypdyr we hut şu ýagdaý hem olaryň aman galmagyna sebäp bolupdyr.

Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugynyň Badahşandaky habarçysy Mirzojalol Şohjamolyň aýtmagyna görä, ýer yranmasy elektrik liniýalarynyň kesilmegine, ýollaryň baglanmagyna getiripdir. Iki mekdebiň we bir hassahananyň ýykylandygy aýdylýar. Wanj etrabyndaky Uzkrog obasynyň ýaşaýjysy Mahbuba goňşy-golamlarynyň köpüsiniň jaýynyň ýykylandygyny aýdýar.

«Meniň goňşymyň jaýy ýykyldy. Aşaky köçedäki jaýlaryň we bize goňşulykdaky kiçijik obanyň jaýlarynyň köpüsi ýykyldy» diýip, Mahbuba Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Öý-öwzarsyz galan adamlaryň sany dürli-dürli berilýär, käbirleri olaryň birnäçe ýüz adamdygyny aýtsa, başgalary 20 müň çemesi adamyň öýsüz galandygyny öňe sürýär.

Wanj etraby barada...

Ýer yranmasynyň täsir ýetiren ýeri bolan Wanj etrabynda 30 müňden gowrak adam ýaşaýar. Häkimiýetler ýer yranmasynda ýykylan obalaryň ýerleşýän ýerleriniň daşlygy sebäpli ýeten zyýany kesgitlemegiň we halas ediş işlerini alyp barmagyň kyn düşýändigini aýdýarlar. Emma deslapky hasaplamalar ýeten zyýanyň 1 million dollar bilen 1.5 million dollar aralygynda bolmagynyň ahmaldygyny görkezýär.

Ýer yranmasynda öýi ýykylan obalylaryň köpüsi gijäni goňşularynyň ýa garyndaşlarynyň öýlerinde geçiripdir. Uzkrogyň ýaşaýjylary Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugyna häkimiýetlerden hiç bir kömek almandyklaryny aýtdylar. Olar obalylaryň pil hem lopatka bilen ýollary arassalaýandyklaryny gürrüň berdiler.

Öýi ýykylan ýerli molla Ýodowar Kolow adamlaryň ýykylmadyk öýlere hem girmekden gorkýandyklaryny, sebäbi sarsgynyň gaýtalanyp durandygyny aýdýar.«Bu ýerde her 20 minutda diýen ýaly kiçiräk sarsgyn bolýar. Ol sarsgyn başky ýaly güýçli däl. Onsoňam birhili ses bar, ýer aýagyň aşagynda aşak-ýokaryk müňzeýän ýaly bolýar. Çagalar öýe girmäge gorkýarlar, ýöne bu sowukda daşarda durar ýalymy» diýip, ol Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Täjigistanda ýer yranmalary köp bolýar. Wanjlylar bu etrapdaky ýer sarsgynlarynyň 2007-nji ýyldan bäri has gürelendiginden şikaýat edýärler. Olar häkimiýetleriň bu şikaýatlary diňläp, ýer yranma howpy bilen bagly hiç hili çäre görmeýänliginden nägile bolýarlar.
XS
SM
MD
LG