Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranly žurnalistiň şikaýaty ret edildi


Düýn Eýranyň şikaýat sudy belli žurnalist Ahmad Zeýdabadyň şikaýatyny ret edip, oňki hökümi öz güýjünde galdyrdy. Oňa 6 ýyl türme tussaglygy hem uzakdaky şäherleriň birinde 5 ýyllyk sürgünlik jezasy berlipdi.

Žurnaliste Eýran Yslam respublikasynyň döwlet gurluşyna garşy gönükdirilen propaganda ýaýratmakda günä bildirilip, iş kesilipdi.

Zeýdabady beýleki onlarça jemgyýetçilik işgärleri we oppoziciýa aktiwistleri ýaly, iýun aýynda prezident saýlawlarynyň netijeleri ygldan edilenden soň geçirilen köpçülikleýin protest çykyşlaryndan soň suda çekilipdi.
XS
SM
MD
LG