Sepleriň elýeterliligi

Owgan parlamentiniň karary alada döredýär


BMG- niň Owganystandaky missiýasynyň baştutany Kaý Eýde täze hödürlenen ministrleriň köpüsini owgan parlamentiniň tassyklamakdan ýüz öwürmegini ýurt üçin agyr döwürde çynlakaý syýasy ýeňliş diýip atlandyrdy.

Hepdäniň şenbe güni owgan parlamenti ministrlik wezipelerine Hamyt Kerzeýiň hödürlän 24 kandidatyndan 17 -sini tassyklamady.

Owgan prezidentiniň wekili Wahid Umar: “ Prezident geň galdy. Emele gelen ýagdaý, elbetde, ony kanagatlandyrmaýar, ýöne ol konstitusiýanyň esaslaryna hormat goýýar. Ol halka wekilçilik edýän parlamenti-de sylaýar. Häzirki emele gelen ýagdaý - demokratiýa üçin synag, ol ösmeli. Prezident häzir hökümetiň düzümini üýtgetmegiň pikirini edýär” -diýip, belledi.

Günbatar ýurtlar Hamyt Kerzeýden korrupsiýa garşy göreşip biljek hökümeti düzmegi talap edýärler.
XS
SM
MD
LG