Sepleriň elýeterliligi

ABŞ barlaglary güýçlendirýär


Birleşen Ştatlar şu günden başlap daşary ýurtlardan gelýän ýolagçylary barlamak düzgünini güýçlendirýär.

Ýakynda nigeriýaly graždanyň amerikan uçarynda partlama etmäge synanyşygyndan soň Birleşen Ştatlaryň transportda howpsuzlyk boýuça edarasy täze çäreleriň kabul edlendigini yglan etdi.

14 ýurtdan, şol sanda Owganystandan, Pakistandan, Ýemenden, Nigeriýadan, Somaliden, Eýrandan Birleşen Ştatlara ugraýan ýolagçylaryň hersiniň aýratynlykda barlanjakdygy habar berilýär. Beýleki ýurtlaryň graždanlary ýörite skanerleriň kömegi bilen bölekleýin barlagdan geçiriler.
XS
SM
MD
LG