Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistany hakykatda kim dolandyrýar?


Türkmenistanda real häkimiýet kimiň elinde? Halkara synçylary şu meseläni analiz edende, milleti, ady türkmen bolmadyk üç adamdan sowlup geçip bilmeýärler. Olar Wiktor Hramow, Aleksandr Žadan hem Wladimir Umnow.

Bu adamlary diňe bir gelip çykyşynyň türkmen däldigi birleşdirmeýär. Agzalan atlaryň töwereginde şu wagta çenli köp sanly çaklamalar, myş-myşlar dowam edýär.

Esasy intriga nämeden ybarat? Olar näme üçin şu wagta çenli ýurduň ýolbaşçy apparatynda saklanyp galmak bilen çäklenmän, dürli çeşmeleriň maglumatlaryna görä, esasy roly oýnamagyny dowam etdirýärler? Bu henizem jogapsyz galýan soraglar. Hramow, Žadan hem Umnow S.Nyýazowyň iň ýakyn kömekçileri bolandygy bilen has-da ünsi özlerine çekýärler.

21-nji dekabr soňky türkmen taryhynda aýratyn bir simwolik häsiýete eýe boldy. Şol gün Nyýazow ölüpdi, Stalin doglupdy.

Olar nädip häkimiýetde galýarlar?

Eger logika yzarlansa, 2006-njy ýylyň 21-nji dekabrynda Türkmenistanyň ozalky prezidentiniň tarpa-taýyn ölmegi bilen, täze döwlet lideri öňki häkimiýetiň täsirli wekillerinden dynmaga çalşaýjak ýalydy. Bu şeýle-de boldy. Arassalaýyş işi geçirildi. Ýöne Hramow, Žadan hem Umnow ýolbaşçylykda eldegrilmesiz adamlar bolup galdylar.

S.Nyýazowyň ölümi baradaky hatyň aşagyna ýurduň 29 ýolbaşçysy gol goýupdy. Şol gol çekenleriň ençemesi häkimiýetden çetleşdirildi. Şonda şolaryň hataryndaky bu üç adamyň wezipeleri-de görkezilipdi. Wiktor Hramow - prezidentiň kömekçisi, Aleksandr Žadan - prezident apparatynyň iş dolandyryjysynyň orunbasary, Wladimir Umnow - prezidentiň kömekçisi.

Göräýmäge beýle bir uly wezipe-de däl ýaly. Olar tas Türkmenbaşynyň häkimiýet başyna gelen döwründe diýen ýaly onuň golaýynda peýda bolupdular. Olar şonda Nyýazow üçin möhüm şahslar bolup geldiler.

G. Berdimuhamedowy şol adamlaryň hyzmatyndan peýdalanmaga näme mejbur etdi? Olary öz adamlary bilen çalşyrmaga oňa näme päsgelçilik döretdi?

Ondanam başga, ine, üç ýylyň içi - şol adamlar döwlet liderine iň ýakyn adamlaryň hatarynda bolmagynda galýarlar.

Hramow iň esasy roldamy?

Wiktor Hramow bilen bagly häkimiýetiň ýokary gatlaklarynda bir gorkynyň bardygyny Türkmenistanyň dolandyryjy organlaryndaky köpsanly çeşmeler ýer astyndan habar berýärler. Ony Nyýazow döwründe şahsyýet kultunyň arhitektory hasap edýärdiler.

Ýurtdan syzyp çykýan maglumatlara görä, şu wagta çenli häkimiýetiň ideologiýa üpjünçiligi Wiktor Hramowyň apparatynyň elinde. Munuň şeýledigini mekdepleriň okuw kitaplaryndan başlap, prezidentiň durmuşy barada çykarylýan reklama häsiýetli kitaplara çenli hemme zatlar ýurtdaky ähli ideologik kampaniýalara Hramowyň gatnaşýandygyny, gytaklaýynam bolsa, subut edýär. Reklama kitaplaryny Hramowyň özi redaktirleýär.

Ol şeýle-de köpçülikleýin habar serişdeleri bilen bagly açyk bolmadyk ideoligiýany-da düzýär, oňa amal edýär. Ol Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine we ýurtdaky kadrlar syýasatyna uly täsir ýetirýär. Hramowyň bu aladalaryny bolsa, öz gezeginde, prezident ünssüz galdyrmaýar. Prezident ony hökümet sylagy - “Garaşsylyk” ordeni bilen sylaglady.

Türkmen döwlet habarlar gullugy Hramowyň “Ösüşiň döwlet programmalaryny ýerine ýetirmekde goşýan uly goşantlary, işe döredijilikli çemeleşýändigi, guramaçylyk ukyby, ýokary professional ussatlygy üçin hem köp ýyllyk ak ýürekli zähmeti üçin” şeýle ordene mynasyp bolandygyny ýazdy.

Žadan bilen Umnowýň şahsyýetine häkimiýetiň näme üçin beýle üns bermeyändigi barasynda hiç zat eşidilmeýär. Olar hemişe-de märekeden, il gözünden daşdaky adamlar, çünki olar esasan ykdysady meseleler bilen meşgullanýarlar.

Olaryň işindäki syrlar

Halkara köpçülikleýin habar serişdelerinde birnäçe gezek peýda bolan habarlardan çen tutulsa, beýleki gulluk borçlaryndan başga-da, Aleksandr Žadan Nyýazowyň “şahsy hazynaçysy“ bolupdyr. Belki şonuň üçin onuň ady syrlar bilen örtülendir. Edil şonuň ýaly örtgi Wladimir Umnowyň alyp barýan işlerine-de degişli.

Käwagt synçylar bu üçlügiň güýç-kuwwatyny, täsirini Moskwa bilen baglanyşdyrýarlar. Hamana, Kreml hut şol adamlar arkaly Türkmenistan bilen ýönekeý bolmadyk gatnaşyklaryny sazlaýarmyş.

Käbir çaklamalara görä, bu kanallardan (bu üçlükden) Ysraýylyň kommersiýa gurluşlarynyň-da peýda görýän bolmaklary mumkin. Dogrusy, Moskwa hem Ysraýyla çykýan bu täsir zolaklary ýalana çykaryp bolmajak subutnamalar bilen hiç haçan berkidilmedi.

Türkmenistanyň ýapyk sistemasy hemişe birgiden rowaýatdyr çaklamalary döredýär. Şol rowaýatlar bolsa “Türkmenistany iş ýüzünde kim dolandyrýar?” diýen soragy has-da bulaşdyrýar.

Hakykatdan-da, ýurtdaky baş kararlary kim kesgitleýär, kim kabul edýär, olaryň ýerine ýetirilişine gözegçiligi kim amala aşyrýar? Bu mesele henizem uly sorag bolmagynda galyar.

Aleksandr Narodetski post-Sowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG