Sepleriň elýeterliligi

Owgan partlamalarynda bäş daşary ýurtly esger öldi


NATO günorta Owganystanda ýol ýakasynda partlan bombanyň amerikan harbylarynyň dördüsini öldürendigini aýdýar. NATO-nyň ýolbaşçylygyndaky halkara güýçleri bu wakanyň jikme-jikligi barada häzirlikçe maglumat bermedi.

Bu Amerikanyň Owganystandaky duşmançylykly hereketlerden şu ýylda çeken ilkinji ýitgisidir. Britaniýanyň Goranmak ministrligi ýekşenbe güni Helmand welaýatynda bolan partlamada ýaralanan britan esgeriniň aradan çykandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG