Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranyň prezidenti Täjigistana bardy


Şu gün Eýranyň prezidenti Mahmut Ahmedinejat täjik prezidenti Ymamaly Rahmon bilen gepleşik geçirmek üçin Duşanbä bardy.

Täjigistanyň prezidenti Rahmon Ahmedinejat bilen beren metbugat ýygnagynda täjik tarapynyň Eýranyň parahatçylykly ýadro programmasyny goldaýandygyny we bu ýagdaý bilen bagly meseleleriň geplşikler arkaly çözülmelidigini aýtdy.

Eýranyň prezidenti Ahmedinejat Duşanbeden soň türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşmak we Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky gaz geçirijini açmak üçin Aşgabada uçmaly.
XS
SM
MD
LG