Sepleriň elýeterliligi

Eýran gozgalaňlarda daşary ýurtlularyň hem tutulandygyny aýdýar


Eýran geçen aý howpsuzlyk güýçleri bilen protestçileriň arasynda bolan çaknyşyk mahalynda birnäçe daşary ýurt raýatynyň hem tussag edilendigini aýdýar.

Aňtaw ministri Haýder Moslehi döwlet telewideniýesinde eden çykyşynda bü daşary ýurtlularyň Eýrana Aşura baýramyndan iki gün öň gelendiklerini we «režime garşy psihologiýa urşuny alyp barandyklaryny» aýtdy.

Ýöne ol näçe adamyň tutulandygyny we olaryň haýsy ýurtlardandygyny welin mälim etmedi. Resmiler şu wagta çenli diňe bir daşary ýurtlynyň, ýagny Dubaý telewideniýesi üçin işleýän siriýaly bir žurnalistiň tutulandygyny tassyk etdiler.
XS
SM
MD
LG