Sepleriň elýeterliligi

Orsýet-Belarus gaz dawasy Ýewropany alada goýýar


Nebit eksporty boýunça 2009-njy ýylyň 31-nji dekabrynda soňlanan ozalky ylalaşygy täzelemek Moskwa bilen Minskä başartman gelýär. Ozal şular ýaly dawa zerarly nebiti kesilip, kynçylyk çeken Ýewropa hem iki tarapyň arasyndaky gepleşikleriň barşyny ünsli yzarlaýar.

”Roýter” habar agentligi ýekşenbe güni, nebit söwdagärlerine salgylanyp, Orsýetiň Belarusyň iki sany nebit arassalaýjy kärhanasyna berýän çig nebitini kesendigini habar berdi. Ýöne ýerli habar agentlikleriniň duşenbe güni bildirmegine görä, munuň nebit üpjünçiligine ýetiren zyýany ýok.

Bolýan wakalar Ýewropa ýurtlary üçin hem möhüm mesele. Sebäbi olara Orsýetden gelýän nebit Sowet döwründen galan ”Družba” turbasynyň üsti bilen gelýär.

Orsýetiň bu geçirijiden akdyrýan nebiti günde bir million barrelden hem ýokary. Germaniýa bilen Polşa-da bu turba garaşly. Germaniýa öz sarp edýän nebitiniň 15, Polşa bolsa 75 prosentden gowragyny şu turbadan alýar.

”Sowet döwründen galan zyýanly kömek”

Öten ýyl Moskwa öz nebitini Minskä adaty bahanyň üçden birine satdy. Orsýet bu çäre ”Sowet döwründen galan zyýanly kömek” diýýär.

Belarus Orsýetden alýan çig nebitini arassalap, onuň köpüsini Ýewropa doly bahadan satýar. Mundan gelýän millardlarça dollar peýda hem Prezident Aleksandr Lukaşenkonyň awtoritar režimine goldaw bolýar.

Kreml indi öz satýan nebiti üçin bazar bahasyny soraýar. Belarus hem eger Orsýet nebitiň nyrhyny galdyrsa, özüniň ors nebitiniň tranziti üçin Moskwadan alýan tölegini on esse artdyrjakdygyny aýdyp, haýbat atýar.

Seylelikde, Belarus “Moskwa kabul ederliksiz gysyşlary görkezýär we goňşularyna gysyş görkezmek üçin öz energiýasyny ulanýar” diýen aýyplamanyň peltesine ýag damdyrýar.

Ozal Ukraina, indi hem Belarus...

2006-njy ýylda Orsýet öz berýän tebigy gazy üçin Ukrainanyň hökümetinden öňki bahanyň dört essesini talap edipdi. Bu turan dawa netijesinde Ýewropa barýan gaz kesilipdi. Öten ýyl hem şeýle bolup, millionlarça ýewropaly agyr gyşda kynçylyk çekdi.

Aradaky dartgynlyga garamazdan, Belarus Orsýetiň ýakyn ýarany bolup durýar. Iki tarap syýasy birlik döretmek barada ençeme ýyl bäri gepleşik geçirýärler. Ýöne bu planyň ýol almazlygyna sebäp bolýan zat – energiýa dawasy, şeýle hem Minskiniň Ýewropa ýurtlary bilen gatnaşygyndaky maýylganlyk.

Häzirki dawa barada hem ors resmileri iki tarapyň arasynda gepleşikleriň barýandygyny, ýöne entek gelnen netijäniň ýoklugyny aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG