Sepleriň elýeterliligi

Täze ýyl gijesi tebigat paýtagtlylar üçin özüniň garaşylmadyk «sowgadyny» etdi. 2009-njy ýylyň 31-nji dekabryndan 2010-njy ýylyň 1-nji ýanwaryna geçilýän gijede, ýerli wagtda 04.20-de Aşgabatda ýer yrandy.

Tebigatyň bu garaşylmadyk «sowgady» täze ýylyň şowhunyny dabara bilen bellän aşgabatlylaryň barynyň keýpine sogan dogrady. Hususan-da, etaž jaýlarynda ýaşaýan paýtagtlylar has-da beter gorkdular. Olar ýer titremeginiň ýene gaýtalanaýmagyndan howatyr edip, tä daň atynça daşarda gezdiler. Maşyny barlar bolsa gijesini ulaglarynyň içinde geçirdiler.

Adatça, paýtagtda şunuň ýaly ýer yrananda, salym geçmän, hökümet resmi ýagdaýda bolan ýagdaý hakynda maglumat ýaýradýardy. Bu maglumatda bolan ýer yranmasynyň bally, onuň epidsentri hakynda maglumat berlerdi hem-de halkyň mundan beýläk dowla düşmezligi üçin, gaýdyp şeýle ýer yranmasynyň bolmajakdygy hakynda, bolaýanda-da, onuň gaty bir howply ýagdaýda geçmejekdigi barada düşüňdiriş işleri geçilerdi.

Emma täze ýyl agşamy bolan ýer yranmasy barada resmi häkimiýetler bu gezek ýekeje agyz-da söz aýtmadylar, ýer yranmasy asla bolmadyk ýaly hereket etdiler. Paýtagtda täze ýyl gijesi ýer yranmasynyň bolandygy barada resmi häkimiýetiň dymmagyny hiç bir jähtden düşündirip bolanok. Ýöne resmi häkimiýetleriň dymmasy halkyň arasyndaky dowly has-da artdyrdy.

Gybatkeşleriň bolgusyz ýaýradýan «myş-myşlary» bolsa hatda özüni rahat tutmaga çalyşýan aşgabatlylaryň-da böwrüni bükgüldedip başlady. Bu gün paýtagtlylar, esasan-da etaž jaýlarynda ýaşaýanlar tebigatyň ýene-de bir hokgasyny çykaraýmak howpundan elheder edip, bükgüldide gezýärler.

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Geologiki barlaglar boýunça merkeziniň (USGS) habar bermegine görä, ýer yranmanyň epidsentri Türkmenbaşy şäheriniň 125 km demirgazyk-günbatarynda, Hazar deňziniň çäginde bolupdyr we güýji 4,7 ball diýlip kesgitlenýär.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG