Sepleriň elýeterliligi

Moskwa bilen Minsk gepleşikleri dowam etdirýär


Düýn Orsyetiň premýer-ministri Wladimir Putin Belarussiýa nebit satmak hem nebitiň tranziti boýunça gepleşikleri dowam etdirmäge hökümete görkezme berdi. Ol 2010-njy ýyl üçin zerur dokumentlere ýakyň wagtlarda gol çekilmegine umyt bildirdi.

Täze ýylyň başyna çenli 2010-njy ýyl üçin nebit satuwy hem onuň tranziti boýunça Moskwa bilen Minskä özara ylalaşyk gazanmak başartmandy.

Belarussiýanyň «Belnaftahim» nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň wekili Marina Kostýuçenkonyň sözlerine görä, häzir taraplaryň arasynda gümrük pajy boýunça gepleşikler dowam edýär.
XS
SM
MD
LG