Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Serbiýa Horwatiýa garşy halkara suduna ýüz tutdy


Düýn Serbiýa Horwatiýanyň üstünden şikaýat arzasyny Halkara jenaýat suduna gowşurdy. Dokumentde Balkanlarda bolan 90-njy ýyllaryň urşunda edilen jenaýatlarda Horwatiýa aýyplanylýar.

BMG-niň hasaplamalaryna görä, şol uruşda 200 müň töweregi etnik serb Horwatiýanyň territoriýasyndaky hemişelik ýaşaýan ýerlerini terk etmäge mejbur bolupdyr.

Belgradyň bu şikaýaty Horwatiýanyň Serbiýa garşy bildiren şuňa meňzeş aýyplamasyna jogapdyr. Horwatiýa bu baradaky şikaýat bilen bir ýyl töweregi mundan öň Halkara suduna ýüz tutupdy.
XS
SM
MD
LG