Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranyň prezidenti Türkmenistana sapar edýär


Şu gün Eýranyň prezidenti Mahmut Ahmedinejadyň Türkmenistana resmi sapary başlandy.

«Türkmenistan Altyň asyr» internet saýtynyň ýazmagyna görä, prezident Berdimuhamedow bilen prezident Ahmedinejat «Döwletabad-Serahs-Hangyran» gaz turbasynyň açylyş dabarasyna gatnaşar.

Aşgabatda düýnki geçirilen hökümet maslahatynda wise-premýer Hojamuhammedow täze turbadan Eýrana gaz akdyryp başlamak üçin ähli infrastrukturanyň taýýardygyny habar berdi.

Eýranyň prezidentiniň saparynyň barşynda geçiriljek ýokary derejeli duşuşygyň netijeleri boýunşa dokumentler toplumyna gol çekiler diýlip garaşylýar.
XS
SM
MD
LG