Sepleriň elýeterliligi

Britaniýadaky musulmanlar protest aksiýasyna çykarlar


Düýn Beýik Britaniýanyň premýer-ministri Gordon Braun ýurtda musulmanlaryň planlaşdyrýan ýörişiniň Owganystanda ölen britan esgerleriniň dogan-garyndaşlaryna masgaralaýjy täsir etmeginiň mümkindigini aýtdy.

Ýakynda Britaniýadaky «Islam4UK» atly topar ýurduň Wutton Bassett şäherinde Owganystandaky uruşlar bilen baglanyşykly ýörite aksiýa geşirmegi planlaşdyrýandygyny yglan etdi. Bu şäher Owganystanda heläk bolan esgerleriň hatyrasyna geçirilýän paradlar bilen tanalýar.

Musulmanlaryň bu şäherde geçirjek aksiýasynyň güni heniz anyklaşdyrylmadyk.

Bu aksiýany gurnaýan «Islam4UK» toparynyň lideri Anjem Şudari «Sky News» telekompaniýasyna beren interwýusynda: «Aksiýanyň maksady Owganystanda parahat ýaşaýjylaryň rehimsizlik bilen öldürilýändiklerini ýönekeý adamlara gürrüň bermek» diýip, belledi.
XS
SM
MD
LG