Sepleriň elýeterliligi

Amerika Ýemendäki ýagdaýa alada bildirýär


«Birleşen Ştatlar Ýemende regionyň we dünýäniň durnuklylygyna howp bar diýip hasap edýär» diýip, düýn Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillari Klinton belledi.

Şol gün Birleşen Ştatlaryň we Beýik Britaniýanyň yzy bilen Fransiýa-da bar bolan terror howpy sebäpli Ýemendäki ilçihanasyny ýapdy.

Birleşen Ştatlaryň prezidentiniň ekstremizme garşy göreş meseleleri boýunça geňeşçisi Jon Brennan mundan öň Ýemende terroristik aktyň taýýarlanýandygyny aýdypdy.

Al-Kaýdanyň söweşijileri we olaryň ýaranlary bilen göreş üçin Waşingtonyň bu ýurda kömegini ep-esli artdyrmakşydygy habar berilýär.
XS
SM
MD
LG