Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen-Eýran gaz turbasy nameleri berip biler?


G.Berdimuhamedow bilen M.Ahmedinejat. Aşgabat, 5-nji ýanwar, 2010
G.Berdimuhamedow bilen M.Ahmedinejat. Aşgabat, 5-nji ýanwar, 2010

Regionda esasy partnýorlaryň biri - Eýran türkmen gazynyň üleşiginden daşda galmakçy däl. Döwletabat-Hangeran Türkmenistan-Eýran gaz turbasy açylýar. Ideýa boýunça onuň şertnamasy-da ors-türkmen, hytaý-türkmen gaz ylalaşyklary ýaly bolmaly.

Göz öňünde tutulyşyna görä, täze turba Eýrana beriljek gazyň möçberini ýylda 20 milliard kubometre ýetirmäge ýardam eder. Şeýlelikde, Türkmenistan 2009-njy ýyly saldamly gaz balansy bilen tamamlady.

Türkmenistandan Hytaý ýakyn geljekde her ýylda 40 milliard kubometr, Orsýet, eger ylalaşygyň şertlerini ýerine ýetirse, 30 milliard, bularyň üstüne Eýranam 20 milliard kubometr gaz almaly. Netijede, Türkmenistan gaz eksportynyň möçberi boýunça sowet eýýamyndaky derejesine ýeter.

Ýöne bu ýerde bir uly tapawut bar

Aşgabat Moskwa garaşlylygyny köp derejede azaldýar hem gazdan geljek pullar sowet zamanyndaky ýaly düýpsüz guýa gitmän, ýurtda galar. Ýöne beýleki tarapdan, Türkmenistana akyp geljek uly pullary ýurduň ýönekeý raýatlary duýarmy diýen möhüm sorag hem keserýär.

Türkmen gaz bazaryna Eýranyň çekilmeginiň uly ähmiýeti bar. Ol beýleki iki partnýor, ýagny Hytaý we Orsýet bilen ykdysady hem syýasy gepleşiklerde Aşgabad üçin goşmaça hereket guraly bolup hem hyzmat edip biljek. Mundan Günbatar bilen gatnaşyklarda-da Türkmenistan utuş gazanar.

Ýadro programmasyndaky Tähranyň işdäsi bu ýurdy daşarky dünýäden barha üzňeleşdirýär. Gaz meselesinde Türkmenistanyň Eýrana ýakynlaşmasy Tähran bilen Günbataryň arasynda onuň prinsipde ösüp barýan araçy bolmak mümkinçiligini açyk görkezýär.

Şu strategik mümkinçiligi Günbataryň esasy paýtagtlarynda, ozaly bilen Waşingtonda görmän durup bilmezler. Günbatar bilen Türkmenistanyň arasynda syýasy bähbitleriň pugtalanmagy ykdysady ädimler bilen goşulyşyp, sazlaşyp gider.

Häzir Günbatar türkmen gaz bazarynyň daşynda dur, Birleşen Ştatlar hem Günbatar Ýewropada emele gelen disbalansy, ýagny deňagramsyzlygy aradan aýyrmak isleýär. Şu ýagdaý Ýewropa we Birleşen Ştatlara ”Nabukko” proýektine tarap okgunly hereket etmäge itergi bolup biler.

Ýöne bu ýolda birnäçe mesele bar...

Olaryň birinjisi proýekti maliýeleşdirmek bilen bagly. Eger bilelikde tagalla etse, Günbatar bu meseläni gaty çalt çözüp biler. Hazar deňziniň hukuk durumyny kesgitlemäge tarap aýgytly hereket etmek galýar. Günbatar bu meselede Azerbeýjana täsir ýetirip biler.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bilen Azerbeýjanyň arasynda uly oňşuksyzlyklar saklanyp galýar. Eger şol dawalar ortadan aýrylsa, Türkmenistan Ýewropa ýaly ýene bir uly gaz partnýoryna eýe bolar. Eger şeýle bolaýsa, ol dünýä ykdysady pudagyna täsir ýetirmekde Aşgabada syýasy-ykdysady abzalyny berer.

Bu prosese Eýranyň gatnaşmagy Tährany doly üzňelige salmazlyk üçin esasy oýunçylaryň ählisine goşmaça, belki-de, soňky şansy berer. Şeýlelikde, dünýä bazaryna gaz çykarmaga aktiw gatnaşyjy hökmünde, şeýle hem Günbatar bilen Eýranyň arasynda esasy araçy hökmünde Türkmenistanyň bu prosese gatnaşmagy taryhda ilkinji gezek Aşgabat üçin örän amatly ýagdaý döreder.

Bu ýagdaý Türkmenistanyň özüniň uzak wagtlyk üzňeligini aradan aýyrmagyň peýdasyna işlärdi. Dünýä aladalaryna gaplanan Aşgabat ýurduň içinde köp zatlardan halas bolardy, açyklaşardy. Ine, şonda-da, dünýäniň global planlary hem kararlary ýurduň ýönekeý raýatlarynyň durmuşyna öz täsirini ýetirerdi.

Wakalaryň logika taýdan şeýle ösüşi diňe bir şert saklanan ýagdaýynda - türkmen ýolbaşçylary “Döwlet halk üçindir” diýen täze şygaryna hakykatdanam iş ýüzünde wepaly bolanlarynda mümkin bolar. Ýöne, resmi Aşgabat öz wadalaryna näderejede wepaly? Eýsem, ýurduň ähli graždanlarynyň resmi Aşgabada gönükdirýän sessiz soragy şu sorag dälmi näme?

Aleksandr Narodetski post-Sowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG