Sepleriň elýeterliligi

Amerika Ýemendäki ilçihanasyny gaýtadan açdy


Al-Kaýda topary tarapyndan abandrylýan howp zerärli Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Ýemendäki ilçihanasy iki gün ýapylandan soň, şu gün ol gaýtadan açyldy.

Bu ilçihana tarapyndan ýayradylan beýanatda “bu alada bildirilýän regionda” Ýemeniň howpsuzlyk güýçleri tarapyndan geçirilen ýörite operasiýadan soň, ilçihanany açmak kararyna gelnendigi habar berilýär.

Ýemeniň howpsuzlyk güýçleriniň aýtmagyna görä, paýtagtyň demirgazygynda geçirilen şol harby çärede Al-Kaýda toparynyň iki agzasy öldürülipdir.

Britaniýa bilen Fransiýanyň Ýemendäki ilçihanalary hem şu gün täzeden işläp başladylar.

Bu wakadan birneme öň Al-Kaýdanyň Ýemendäki bölümi 25-njy dekabarda Birleşen Ştatlara barýan bir uçary weýran etmäge edilen synanşygyň jogapkärçiligini öz üstüne alyp, beýanat ýaýradypdy.
XS
SM
MD
LG