Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan parlamenti işini dowam etdirer


Owganystanyň prezidenti Hamyt Kerzeý tarapyndan hödürlenen kabinet agzalygyna kandidatlaryň täze sanawy barada pikir alyşmak üçin owgan parlamenti dynç alşyny yza süýşürdi.

Kerzeýiň täze kabinet üçin teklip eden 24 kandidatyndan 17-sini parlament ret edenden soň, prezident kanun çykaryjylaryň işini dowam etdirmegini duşenbe güni talap edipdi.

Prezident Kerzeý bu barada ýaýradan resmi beýanatynda Baş kanunyň 107-njı maddasyna salgylanyp, özüniň adatdan daşary ýagdaýda parlamentiň mejlisini geçirmäge ygtyýarlydygyny ýatlatdy.

Şol beýanatda, hususan-da, kabinet agzalygyna kandidatlardan ybarat täze sanawyň ýakyn birnäçe güniň içinde parlamente hödürlenjekdigi hem aýdylýar.
XS
SM
MD
LG