Sepleriň elýeterliligi

Orsýet Moldowa satýan gazynyň bahasyny artdyrdy


Azatlyk Radiosynyň Moldow gullugy ýurduň ykdysady ministri Waleriýo Lazara salgylanyp, Orsýetiň 2010-njy ýyllyň 1-njy ýanwaryndan başlap bu ýurda satýan gazynyň bahasyny 20 prosent artdyrandygyny habar berdi.

Şunlukda, 2010-njy ýyllyň birinji çärýeginde Moldowa her müň kubometr rus gazy üçin 233 amerikan dollaryny tölemeli bolar. Bu geçen ýyl bilen deňeşdirilende Moldowa satylýan gazyň bahasynyň 20 prosent artdyrylanlygyny aňladýar.

Lazaryň aýtmagyna görä, bu karar 2009-njy ýyllyň aýagynda Gazprom tarapyndan iberilen ýörite hatda yglan edilipdir. Ol aýratynam bu özgerişigiň Moldowadaky harytlaryň nyrhyna öz täsirini ýetirjekdigini aýdýar.

Moldowa gaz üpjinçiligi boýunça dolulygyna Orsýete garaşly bolup durýar. Bu ýurt gazyň bahasy barada ýyllyň her çärýeginde Gazprom bilen ýörite ylalaşyk baglaşmaly.
XS
SM
MD
LG