Sepleriň elýeterliligi

Gürjüstanda rus dilli telekanal işe girizilýär


Gürjüstanda şu gün rus dilinde gepleşikleri efire berjek täze telekanal işe girizilýär.

Synçylaryň aýtmagyna görä, bu täze ädim 2008-njy ýylda Orsýet-Gürjüstan harby konfliktinden soňra henizem dartgynly bolmaklygynda galýan Rus-Gürji gatnaşygyny hasam dartgynlaşdyrar.

Bu prezident Mihail Saakaşwili tarapynyndan düýbi tutulyp, hökümet tarapyndan maliýeleşdiriljek ilkinji rus dilli telekanal bolar.

Bu telekanalyň gepleşikleri Gürjistan bilen bir hatarda, ençeme beýleki daşary ýurtlary, şol sanda Orsýeti-de öz içine alar.

Habarlardan mälim bolşuna görä, orsýetli aktiwist Oleg Panfilow, şeýle-de Çeçenistanyň öňki ýolbaşçylaryndan Joher Dudaýewyň aýaly Alla Dudaýewa dagylar bu telekanalda gepleşikler alyp bararlar. Maglumata görä, olaryň ikisine-de Gürjistanyň raýatlygy berlipdir.
XS
SM
MD
LG