Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranyň prezidenti Türkmenistana bardy


Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Mahmud Ahmedinejad iki günlik resmi sapar bilen şu gün Türkmenistanyň paýtagty Aşgabada bardy.

Türkmen mediýasynyň maglumatyna görä, ol Aşgabatda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşyp, özara bähbitli meseleler barada pikir alşypdyr.

Habarlardan mälim bolşuna görä, prezidentler 6-njy ýanwarda Döwletabad-Serahs-Hangiran gaz geçirjisiniň açylyş dabarasyna-da gatnaşarlar.

«Türkmenistan.ru» internet gazeti uzynlygy 30 kilometer töweregi bolan bu turbanyň Türkmenistandan Eýrana akdyrylýan gazyň möçberini her ýyl 20 milliard kubmetre çykarmaga mümkinçilik döretjekdigini ýazýar.

İki ýurduň prezidentleri ykdysady hyzmatdaşlygy artdyrmak barada hem ençeme ylalaşyklara gol goýarlar diýlip garaşylýar. Ahmedinejad bu saparyň öňýany Täjigistanda boldy. Onuň şol ýerde täjik ýolbaşçylary bilen hem ençeme ylalaşyklara gol goýandygy habar berilýär.
XS
SM
MD
LG