Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Makala o dünýeden iberiläýdimikä?!


Türkmenleriň satirik şahyry molla Kemine bir gün bir ýerden gelýän eken. Onuň öňünden obadaşlarynyň biri çykyp: «Molla Kemine, nireden gelýäň?» diýip soraýar. Ömrüni garyplykda geçiren Keminäniň bolgusyz sowala jany ýanyp: «Hol ýerde bugdaý paýlanýan eken. Jamsyz barypdyryn. Indem yzyma jam almaga gelýän» diýýär. Kemineden bu sözi eşiden kişi habary derrew bütin oba buşlap çykýar. Kemine bir görse, adamlar ibirt-de-zibirt, elleri jamly, Keminäniň salgy beren tarapyna ylgap barýarmyş. Kemine biraz salym adamlara seredip durýar. Jamly geçýänleriň yzyna gelýäni ýokmyş. Şahyryň kellesine birden: «Dogrudanam, bugdaý hakykatdan-da paýlanýan bolaýmasyn!» diýen pikir urýar-da, öz aýdan sözüniň ugruna özi-de ýykylyp, öýünden jam alyp, adamlaryň yzy bilen ylgap gidýär.

Kä wagt türkmen radiosynda, telewideniýesinde çykyş edýänlerem, işläp ýörenlerem şeýle bir ýapa degmez sözleri ulanýarlar welin, «Älhepus, ýaranjaňlygyňam çeni ýagşy» diýeniňi duýman galýarsyň.

Garaşsyzlyk ýyllarynda ähli zady «garaşsyzlykdan öň ýokdy, bize hemme zady garaşsyzlyk berdi» diýmäni çykardylar. Düýäniň boýnuna alaja ýüp ýa-da doga daksalar-da: «Ine, indi biz şeýdip, düýelerimizi-de bezäp bilýäris. Garaşsyzlykdan öň bu zatlar ýokdy» diýip durlar.

Herki zadyň öz aýtmaly ýeri bar. Ata-baba bäri gelýän zatlary garaşsyzlygyň üstüne atman gürläbermeli. Ýöne bu zatlara düşünmek üçin akylly-başly žurnalistler gerek. Ýedi arka barlamak keseli radiony-da, telewideniýäni-de ýaňy mekdep partasyndan turan, bisowat «žurnalistlerden» doldurdy. Çem gelen kişi adynyň aşagyna «žurnalist» diýen ýazgyny ýazmagy-da öwrenipdir. Sözlemleri redaktirlemek, sünnälemek diýen zady welin bilenoklar. Öz agyzlaryndan näme çykýanlaryny-da bilenoklar, agzyna mikrofon tutulyp durlan bendäniň-de näme gürleýänini-de bilenoklar.

Lenç sözleri olar totuguş kimin gaýtalaýarlar. Diýýän sözleriniň näme many berýänlerine-de düşünenoklar. Olara başlyk bolup oturan kişileriň aňyna-da şol bir zady gaýtalamak endik bolup giripdir.

Merhuma-da ýazdyryp durlar

Arada, «Edebiýat we sungat» gazetiniň 2009-njy ýylyň 18-nji dekabrynda çykan sanyny okap otyrkam hem şol bir gaýtalanýan lenç sözler sebäpli, tas molla Keminäniň ýagdaýyna düşüpdim. «Be, žurnalist Soltan Jepbarow ýogaldy» diýip eşiden ýalydym-la?!» diýip, içimi gepledýärin. Ýa-da ýogalan kişi başgamyka? Soltan Jepbarow diri bolaýmasyn? Men ony başga biri bilen çalyşýan bolaýmaýyn?!» diýip, içimden öwran-öwran pikir öwürýärin. Ahyr, oýlana-oýlana Soltan aganyň müň dokuz ýüz togsanynjy ýyllaryň ahyrynda ýogalanyny hakydama getirdim.

Soltan Jepbarow türkmeniň meşhur bagşysy Sahy Jepbarowyň ogly. Ol öz kakasy hakda ýatlama kitabyny ýazyp gidipdi. «Edebiýat we sungat gazetinde Soltan aganyň öz kakasy hakda ýazan ýatlamasy çap edilipdir. Makalanyň gowulygyna söz ýok. Dogrusyny aýtsaň, «Edebiýat we sungat» gazetiniň geçen asyrda ýaşap geçen döredijilik işgärleri hakda ýatlamalar bermegi gowy zat. Garaz, halka okamaga bir zatjyg-a bolýar.

Merhum Soltan Jepbarowyň makalasynyň ahyrynda şeýle jümleler bar: (sitata): «…Kakamy tutuş Aşgabat üýşüp, iň soňky ýoluna ugratdy. Başga şäherlerden, obalardan, doganlyk respublikalardan gelen adamlar köpdi. Onuň ölenligine ynanasym gelmeýärdi. Ynanar ýaly hem däldi. Ol ölmändi. Ol öz halkyna hyzmat etmek üçin bu dünýä baky gelipdi, baky hem galypdy…Täze Galkynyş, beýik Özgertmeler eýýamynda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen belli bagşydyr sazandalarymyza täzeçe hormat-sarpa goýlup başlandy. Sahy Jepbarow hem şeýle hormata eýe bolanlaryň biridir». (Sitatanyň soňy).

Şol bir ýürege düşen şablon sözler «žurnalistleriň» beýnisine şeýle bir ornaşypdyr welin, olar şol sözleri hatda merhuma-da ýazdyryp durlar.

Birneme salyhatlylygy saklamagam makalalary owadanlaýar!

Şu blogda öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG