Sepleriň elýeterliligi

Obama ýörite gulluklaryň işinden nägile


Hepdäniň sişenbe güni Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama ýurduň ýörite gulluklarynyň işini uly derejede gowulandyrmaklyga zerurlygyň bardygyny nygtady.

Bu barada ol öz kabinetiniň agzalary we ýörite gulluklaryň ýolbaşçylary bilen geçiren maslahatynyň yzy bilen eden çykyşynda aýtdy.

Ol öz çykyşynda «Ýakynda ýolagçy uçaryny partlatmaga edilen synaşygyň öňüni almak üçin häkimiýetlerde ýeterlik informasiýa bardy» diýip, belledi.

25-nji dekabrda nigeriýaly ýaş ýigit Amsterdamdan Detroýda uçan uçary partlatmaga synanyşanda, ol ýolagçylar tarapyndan zyýansyzlandyrylypdy.

Barak Obamanyň sözlerine görä, Birleşen Ştatlaryň howpsuzlygyna wehim salmakda şubhelenýän adamlaryň sanawyny düzmek boýunça sistema üýtgetmeler giriziler.
XS
SM
MD
LG