Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Täze Türkmen-Eýran gaz geçirijisi işe girizildi


Prezident G.Berdimuhamedow bilen M.Ahmadinejad. Aşgabat. 05-nji ýanwar, 2010

Prezident G.Berdimuhamedow bilen M.Ahmadinejad. Aşgabat. 05-nji ýanwar, 2010

6-njy ýanwarda Eýranyň prezidenti Mahmud Ahmedinejad bilen Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda türkmen gazyny Eýrana akdyrjak täze geçirijiniň açylyş dabarasy boldy.

Türkmenistanyň Sarahs etrapynda geçirilen şol dabarada eden çykyşynda Ahmedinejad bu turbanyň işe girizilmeginiň iki ýurduň aragatnaşygyny täze tapgyra çykarjakdygyny belledi.

Ol şol çykyşynyň dowamynda-da bu gaz geçirijiniň gurulmagynyň türkmen ýangyjyny pars aýlygyna akdyrmaga we şol ýerden hem ony dünýä bazaryna çykarmaga mümkinçilik döretjekdigini aýtdy.

Bu wakanyn onyany Ahmedinejad bilen bolan duşuşygyndan soňra eden çykyşynda Türkmenistanyň prezidenti Berdimuhamedow bu iki ýurduň söwda we ykdysady aragatnaşygynyň barha artýanlygyny belläpdi.

Uzynlygy 30 kilometr töweregi bolan bu gaz geçiriji doly kuwwatynda işläp başlanda, öl ýylda Eýrana akdyrylýan gazyň umymy möçberini 20 milliard kubmetre ýetirer.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG