Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanda Nyýazow tarapyndan okuwa, bilime garşy gönükdirilen emeli päsgelçilikler onuň ölüminden soň hem saklanyp galýar. Şu ýylyň tomsunda daşary ýurtlaryň hususy okuw jaýlarynda okaýan türkmen studentleriniň bir böleginiň öňünde dikilen germew tötänlik däl-de, eýsem okuwda, bilimde 1990-njy ýyllaryň ortalaryndan başlanan çäklendirmeleriň dowamy bolup görünýär.

Ýogsa, prezident G.Berdimuhamedowyň 2007-nji ýylda beren wadalaryndan we bu ugurda äden ädimlerinden çen tutulsa, S.Nyýazowyň “bilim syýasatyndan” doly el çekilmelidi.

Elbetde, öz dikme syýasatyny ornaşdyrmak üçin Nyýazowyň bilimiň öňüne böwet basmaga çalşandygyny, türkmen ýaşlaryny bilim meselesinde esli yza çekendigini boýun almaly. Tanymal rus žurnalisti Andreý Babitskiniň ynanjyna görä, sowetleriň ählumumy sowatlylyk syýasaty ideologiýa esaslanýardy.

Ýöne Sowet Soýuzy ýykylandan soň, Merkezi Aziýada we Kawkazda ömürlik prezidentlik, häkimiýetiň atadan ogla geçmegi ýaly feodal däpler öňe çykdy-da, okuw-bilim yza itildi. Babitskiniň pikirine görä, feodal jemgyýete, gündogar despotiýasyna ýokary bilimli adamlar gerek däl. Sebäbi beýle jemgyýet üçin bilimli adamlar potensial howp bolup durýar.

“Okuwly, bilimli adamlaryň arasynda diktatura garşylyk ideýalary döreýär, olar bolýan zatlary derňäp, analiz edip bilýärler” diýip, Andreý Babitskiý aýdýar.

Garaşsyzlykda bolan we bolmadyk mümkinçilikler

Garaşsyzlygyň başky ýyllarynda türkmen çagalaryna günbatar ýurtlarynyň okuw mümkinçiliklerinden peýdalanmaga hem-de sowet biliminiň we ideoligiki pikirlenişiň dar galybyndan çykmaga bir topar şert döredi. Ýöne bu şertlerden geregiçe peýdalanylmady.

1992-95-nji ýyllar aralygynda Birleşen Ştatlaryň Türkmenistandaky adatdan daşary hem doly ygtyýarly ilçisi bolup işlän Joseph S. Hulings aýaly bilen bilelikde türkmen studentleri üçin ilkinji student alyş-çalyş programmalaryny gurnan diplomat.

Ol Azatlyk Radiosyna beren gürrüňinde Aşgabatda işlän wagty türkmen studentleriniň zähmetsöýerligine, ukyplylygyna haýran galandygyny aýtdy: “Men aýalym bilen Birleşen Ştatlardaky biznes mekdebinde türkmen studentleri üçin stipendiýa fonduny hem döretdim” diýip, amerikan diplomaty belledi.

Ol soň özleriniň gaty gynanandygyny, sebäbi türkmen studentleriniň bilim derejesiniň barha we barha aşak gaçandygyny, munuň olaryň akyl-paýhasy ýa ukypsyzlygy üçin däl-de, eýse olara Günbatar ýurtlaryna okuwa gitmezlerinden öň berilmeli zerur bilimiň berilmeýänligi üçin şeýle bolandygyny aýtdy.

Bilimiň pesliginiň käbir sebäpleri

Türkmenistanda orta hem ýokary okuw jaýlaryny tamamalan ýaşlaryň taýýarlygynyň pesligi esasan mugallym kadrlarynyň taýýarlanyşyndaky başdansowmalyk, bilim sistemasyndaky parahorluk bilen düşündirilýär.

S.Nyýazow, beýleki ugurlarda edişi ýaly, wagtal-wagtal bilimdäki parahorlugy hem tankytlardy. Prezident Berdimuhamedow bu meselede Nyýazowdan hem biraz öňe geçdi diýse bolar. Sebäbi ol ýokary okuw ulgamyndaky parahorlugy anyk iş, parahor mugallymlaryň käbirini paş etmek we türmä basmak bilen ýazgardy. Bu prezident Berdimuhamedowyň, wada berşi ýaly, bilime üns berýändiginiň subutnamasy bolup hem göründi.

Emma ýerli synçylar, şol sanda bäherdenli mugallym Sazak Durdymyradow hem ýokary okuw jaýyna girmek üçin bermeli paranyň şondan soň has artandygyny aýdýarlar. Sazak Durdymyradyň tassyklamagyna görä, ýokary okuw jaýlaryna, adtaça, mekdepde gowy okan okuwçylara derek nirede ýalta, nirede bir ikilikçi okuwçylar kabul edilýär.

Ýerli synçy hem žurnalist Döwletmyrat Ýazgulyýew Türkmenistanda häkimiýet çalşandan soň, okuwa we bilime Nyýazow döwründäkä garanda has köp üns berilýändigini, mekdep mugallymlaryna berilýän ýeňillikleriň köpeldilendigini aýdýar. Şeýle-de ol Türkmenistanda öz öýünde ýa kurs açyp, dil, kompýuter öwredýän adamlaryň artýandygyny aýdýar we munuň soňy bilen adamlaryň özleriniň hem tijenjeginiň alamaty bolup görünýändigini öňe sürýär.

Onuň pikiriçe, hemme zady döwletden talap etmek ýa ähli işi hökümetiň etmegine garaşmak sowet endigi we indi adamlar bilim meselesinde has çeýe we aktiw bolmaly hem-de öz inisiatiwalaryny görkezmeli. “Muňa bolsa türkmen jemgyýetçiliginde, ene-atalarda we bilimli mugallym kadrlarynda ýeterlik mümkinçilik bar” diýip, Ýazgulyýew aýdýar.

Döwletiň jogapkärçiligi…

Ýöne bu döwletiň bilim meselesindäki jogapkärçiliginiň azalýandygyny aňlatmýar. Tersine, käbir analitikler döwlet Nyýazow döwründe bilim meselesinde goýberilen kemçilikleri ýa düýpli ýalňyşlyklary derňemek üçin ýörite komissiýa döretse gowy bolardy diýen garaýyşlary öňe sürýärler.

S.Nyýazow bilen işleşmeli bolan adamlaryň, şol sanda öňki ilçi Nurmuhammet Hanamowyň tassyklamagyna görä, Nyýazow garaşsyzlygyň başyndan başlap türkmen ýaşlaryna daşary ýurtlaryň okuw jaýlaryndan berilýän kwotalary, okuw mümkinçiliklerini her edip, hesip edip çäklendirmäge çalşypdyr.

“Ol bu maksadyna dürli bahanalar, hususan-da, daşary ýurtlara gitmeli okuwçylaryň sanawyny tassyklamagy gijikdirmek bilen ýetýärdi” diýip, Hanamow gürrüň berýär. Onuň tassyklamagyna görä, şol köýdürilen kwotalaryň, okuw mümkinçilikleriniň bir toparynyň özbek prezidenti Yslam Kerimow tarapyndan özbek ýaşlarynyň okamagy üçin peýdalanylypdyr.

Internetiň roly nähili?

Berdimuhamedowyň türkmen mekdeplerinde internet elýeterliligi baradaky wadasy Türkmenistanda hakykatdanam aň rewolýusiýasynyň amala aşyryljagyna umyt döretdi. Sebäbi internet elýeterliligi iki onýyllyga golaý üzňelige salnan ýurdy dünýä bilim-düşünjesine, informasiýa giňişligine integrirleýji köpri bolup hyzmat etjek.

Günbatar ýurtlarynyň birinde okaýan Ýazmyradyň pikirine görä, Türkmenistanda internete giň ýol açylsa, ylma-bilime, ösüşe ýol açyljar. Ýöne ol häzir Türkmenistanda adamlaryň käbiriniň aşa haýallygy hem gymmatlygy üçin öz internetlerini ýapdyrýandyklaryny aýdýar.

Türkmen studenti Ýazmyradyň pikirine görä, okap biljek ýaşlaryň daşary ýurtlara gitmegine rugsat bermek Türkmenistanyň gelejegi üçin örän wajyp. Şeýle-de ol daşarda okan, ýokary bilim alan türkmenler soň ýurtda ýer, iş tapyp bilmeseler, onda Türkmenistanda ne syýasy, ne ykdysady, hiç bir öňegidişlik bolmaz diýýär. Bu pikir bilen amerikan diplomaty Joseph Hulings hem ylalaşýar. Onuň pikirine görä, Türkmenistan bilimli liderleri ýetişdirmese, sebitde barha we barha yza galar.

Umytlar we çykalgalar

Ýöne biziň gürrüňdeş bolan synçylarymyzyň köpüsi türkmen halkynyň bu günki okuw-bilim kynçylyklaryndan uruş-gykylyksyz çykyp biljegine ynanýarlar we olar munuň üçin her ýyl mekdebi gutarýan ýaşlaryň azyndan 30 prosentiniň ýokary okuw jaýlaryna, hünär mekdeplerine girmäge mümkinçiligi bolmaly diýýärler.

Elbetde, bu döwletiň etmeli işi. Ýöne bu meseläniň ene-atalaryň, intelligensiýanyň paýyna düşýän ýeri nämede? Ene-atalar, intelligensiýa indi sowet döwrüniň geçendigine we bazar ykdysadyýeti şertlerinde ýaşaýandyklaryna düşünmeli hem-de öz çagalaryna iňlis dilini, komputer öwretmek üçin hususy kurslardan we beýleki mümkinçiliklerden, hökümetiň we daşary ýurt guramalarynyň berýän mümkinçiliklerinden has gowy peýadalanmaga çalyşmaly diýen garaýyşlar hem bar.

Dogrusy, bu ýagdaýa düşünýän we garaşsyzlyk ýyllarynda bilim babatda dörän täze mümkinçiliklerden, daşary ýurtlar bilen gatnaşyklaryň giňemeginden mümkin boldugyça köp peýdalanmaga çalyşýan ene-atalar hem bar. Muny daşary ýurtlarda okaýan türkmen studentleriniň sanynyň, päsgelçiliklere garamazdan, ýyl-ýyldan artmagy hem tassyk edýär.

Bu ýagdaý türkmen halkynyň indi bilim meselesinde diňe garaşmak hem zeýrenmek bilen oňjak däldigini, eýse öňki bolan zatlardan sapak alýandygyny we ümzüginiň öňedigini aňladýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG