Sepleriň elýeterliligi

Türkmen medeniýetiniň, edebiýatynyň kökleriniň örän gadymdan gaýdýanlygy köp sanly ylmy işlerde dünýä belli alymlar tarapyndan ykrar edilen. Eýse, şeýle gadymy kökleri, şöhratly taryhy, beýik mirasy bolan medeniýet täze taryhy döwürde näme sebäpden özüni gorap bilmedi?

Gündogarda türkmen halkyna sarpa goýmaýan ýok. Ata-babalarymyz öz gujur-gaýraty, batyrlygy, harby hünäre ezberligi, ylymda-bilimde zehinliligi bilen Hytaýdan Müsüre çenli aralykda özlerini ykrar etdiripdirler.

Emma olaryň nesilleri häzirki döwürde öz dogduk topragynda başyny çaramakda-da uly kynçylyk çekýärler. Türkmenistanda kese ýerden gelenler türkmenleriň özlerinden has gowy gazanýarlar hem gowy ýaşaýarlar. Ýöne haýsy sebäbe, nähili logika görä keseden gelen ýerli halkdan has köp gazanmaly?

Näme üçin kesekileriň ýer eýesiniň däl-de, ýer eýesiniň kesekileriň elinde işlemegi adaty düzgüne öwrülmeli? Näme sebäpden keseden gelenler Türkmenistanda näçe diýseň, ýokary aýlykly iş tapýarkalar, müňlerçe türkmen aýal-gyzlary, ýaş gelinler Türkiýede, Orsýetde, Ukrainada, Eýranda, arap ýurtlarynda özlerine bir döwüm çörek gözlemeli? Eýse, bu dünýäniň ykdysady tejribesine ters gelýän gödek adalatsyzlyk dälmi nä?

Munuň hut şeýledigi inkär edip bolmajak hakykatdyr. Beýle ysnat döwlet syýasaty, gözçykgynç adalatsyzlyk diňe bakna ýurtlara mahsus. Entek bu milli kemsidilme dowam edýärkä Türkmenistanyň özygtyýarly döwletligi ullakan sorag astynda galýar.

Nädip beýle deňsizlik döreýär?

Näme üçin Orta asyrlarda bütin Gündogary gaýraty bilen baglan halk bu gün öz topragynda kesekä elgarama, erk-ygtyýarsyz hem agzy mumly ýaşamaly? Nädip türkmenlere özleriniň ilden pes bolmalydygyny düşündirip, has beteri-de bu deňsizlige olary kaýyl edip bildiler?! Geçen ýylda gazanylan ýeňişleri we ýeňlişleri ýatlanyňda, ine, şu düýpli soraglar beýniňde öwran-öwran gaýtalanýar.

Elbetde, 2009-njy ýylda ozal eden-etdilik bilen ýapylan Opera we Balet teatrynyň açylmagy, Ylymlar Akademiýasynyň gaýtadan dikeldilmegi – begenerlik wakalar.

Emma ozal bu ylym, medeniýet ojaklaryny, beýleki onlarça guramalary, edaralary diýdimzorluk bilen dargadan näkesiň kimdiginiň aýdylmazlygy - Ylymlar Akademiýasynyň kagyz ýüzünde, Opera we Balet teatrynyň-da hyýaly giňişlikde galmagyna getirýär. Bu faktlaryň jemi bolsa, häzirki özgerişleriň çyndan däl-de, zoraýakdan geçirilýänligini bildirýär.

Temeni haltada gizläp bolarmy?

Eýse, ile belli hakykaty ýene näçe wagtlap ilden gizläp bolar? Temeni haltada gizlemek mümkinmi? «Ruhnamanyň» awtory «öňdengörüji hem paýhasly» bolan bolsa, onda näme sebäpden täze prezident G.Berdimuhamedow häkimiýet başyna gelensoň, onuň ençeme kararlaryny ýatyrdy we onuň eden-etdiliklerini düzetmäge mejbur boldy?

Eger-de Türkmenistanyň döwrebap ösmegine ýol açjak bolsa, elbetde, G.Berdimuhamedow mundan beýlägem S.Nyýazowyň gödek, bisowat ýalňyşlaryny düzetmäge we başizmiň zäherli mirasyny köki bilen köwläp, taryhyň zibiline atmaga mejbur bolar. Eger ol bu işi etmese, onda taryh G.Berdimuhamedowyň özi hakyndaky ýatlamany sähelçe wagtdan zibile oklar.

Ak Welsapar garaşsyz žurnalist we ýazyjy. Şu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG