Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanyň ýüzi Gündogaramy ýa-da Günbatara?


Soňky bir ýylyň dowamynda Türkmenistanyň energiýa pudagynda ençeme möhüm wakalar bolup geçdi. Şu soňky wakalar barada Azatlyk Radiosyndan Muhammad Tahir Halkara Krizis Toparynyň synçysy, region boýunça bilermen Tabib Huseýnow bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: 2009-njy ýylyň aprel aýyndan bäri Türkmenistandan Orsýete gaz akmaýar. Bilişiňiz ýaly, şol gaz geçirijide partlama bolupdy. Orsýet 9-njy ýanwardan başlap türkmen gazynyň gaýtadan Orsýete akyp başlajakdygyny aýdýar. Moskwanyň sekiz aýdan soňra ýene türkmen gazy bilen gyzyklanmagynyň sebäpleri näme bilen baglanyşykly bolup biler?

Tabib Huseýnow
Tabib Huseýnow:
Bize rus ýolbaşçylarynyň bu barada haýsy şertlerde, nähili karara gelendiklerini takyk bilmek kyn. Şol partlamadan soňra Moskwa türkmen gazyny alman, Aşgabadyň özüne garaşlydygyny duýdurmaga synanyşan bolmagy mümkin.

Türkmenistan hem öz-nobatynda gaz eksportyny köp ugurly etmäge çalyşmak bilen, özüniň diňe Orsýete bagly bolup galmak islemeýändigini görkezýär.

Ýaňy-ýakynda türkmen gazyny Hytaýa akdyrjak turbanyň açylmagy hem türkmenleriň bu ugurda edýän tagallasynyň netijesidir. Elbetde, Hytaý Türkmenistan üçin alternatiwalardan diňe biridir.

Azatlyk Radiosy: Orsýeti gaýtadan türkmen gazy bilen gyzyklanmaga mejbur edýän zat näme? Aprelde bolan wakadan soňra, Moskwanyň türkmen gazyny almaga islegli däldigi aýdylýardy, şeýle dälmi?

Tabib Huseýnow:
Elbetde, Orsýetiň Ýewropa ýurtlaryny gaz bilen üpjün etmäge ýagdaýy ýok. Şonuň üçin türkmen gazy Orsýet üçin gaty möhüm. Ýagny, Orsýet hem özünden edilýän talaplary ýerine ýetirmek üçin Türkmenistanyň gazyna mätäç. Moskwa şol gazy arzan bahadan alyp, ony Ýewropa satýar.

Azatlyk Radiosy: Orsýete akýan türkmen gazy kesilenden soň, häzirki wagt Aşgabat Hytaýa, hat-da Eýrana hem uly möçberde gaz akdyryp başlady. Şunlukda, türkmen gaz bazarynyň üstünden Moskwanyň agalygy soňuna golaýlady diýip bolarmy?

Tabib Huseýnow: Türkmen gazynyň Orsýetiň üsti bilen beýleki ýurtlara eksport edilmegi ugrundaky gözleg mundan beýlägem dowam eder. Türkmenistan ýene-de azyndan ençeme ýyl Orsýeti tranzit ýurt hökmünde ulanmaga mejbur. Ýagny, türkmen gazynyň Orsýetden sowa beýleki ýurtlara akdyrylmagy hakda gürrüňem ýok.

Emma häzirki döwürde Türkmenistanyň alada edýän zady - Orsýete çakdanaşa garaşly bolmaz ýaly, öz gaz ekesportyny köp ugurly etmek. Şonuň üçin Türkmenistan Eýrana satýan gazynyň möçberini artdyrmaga synanyşýar we Hytaýa gaz akdyrmak barada alada edýär.

Ýöne, barybir, Aşgabat gaz tranziti meselesinde henizem Orsýete belli bir derejede bagly bolup galýar. Emma geljek ýyllaryň dowamynda bu baglylyk kem-kem azalar.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistandan Hytaýa ýa-da Eýrana gaz akdyrjak goşmaça turbanyň gurulmagyna Orsýet nädip ýol berdi?

Tabib Huseýnow: Bu gaty çylşyrymly mesele. Sebäbi Nabukkonyň öňünde päsgelçilik döretmek üçin Orsýetiň elinde mümkinçilikleri bar. Ýagny, Hazar deňziniň statusynyň anyk bolmazlygy Orsýete bu deňizden geçmegi mümkin islendik turbanyň öňüne böwet bolmaga ýol berýär.

Emma häzirki döwürde Türkmenistan Orsýetiň territoriýasyna aralaşman, Hytaýa gaz akdyryp başlasa, Orsýetiň oňa päsgelçilik döretmegi mümkin däl. Çünki bu Orsýetiň dahyly bolmadyk, diňe Hytaý bilen Türkmenistana bagly mesele.

Şol bir wagtyň özünde Orsýet Hytaý bilen hem öz aragatnaşygyna zeper ýetirmek islemeýär. Şonuň üçin bu meselede Türkmenistanyň pozisiýasy has güýçli bolup çykýar.

Azatlyk Radiosy: Şeýle ýagdaýda Nabukko proýektiniň geljegi nähili bolar?

Tabib Huseýnow: Meniň pikirimçe, Nabukko proýekti boýunça öňden planlaşdyrylan maksatlara ýetmek mümkin däl. Ýagny, Merkezi Aziýanyň gazyny Hazaryň üstünden ýa-da astyndan geçirip, Azerbeýjanyň, Gürjüstanyň we soňra-da Türkiýäniň üsti bilen Ýewropa akdyrmak başartmaz.

Nabukko proýekti Yrakdan, belki-de, gelejekde Eýrandan eksport edilmegi mümkin gaz bilen üpjün ediler. Hazaryň hukuk statusy anyk bolmadyk ýagdaýda Merkezi Aziýa ýurtlary Nabukko proýektine goşulyp bilmezler.

Azatlyk Radiosy: Hakykatdanam, türkmen gazy hazirki wagt diňe Hytaýa we Eýrana akýar, galyberse-de, Orsýete akyp başlajakdygy çak edilýär. Munuň hem üstesine, türkmen hökümeti ýakynda Ýolöten gaz ýataklaryny özlesdirmek boýunça gündogar firmalary bilen kontraktlara gol goýdy. Şeýlelikde, Türkmenistan ýüzüni Gündogara öwrüp başladymy diýen sorag döreýär. Bu barada siz nähili pikirde?

Tabib Huseýnow: Türkmenistanyň alyp barýan syýasatynyň aňyrsynda ýatan maksat onuň ykdysady bähbitleridir. Hazaryň üsti bilen öz gazyny Ýewropa eksport edip bilmänsoň, Aşgabat alternatiw ýollary agtarmaga mejbur. Şeýle alternatiw ýollardan biri-de Hytaýa gaz akdyrjak uly bir turbanyň gurulmagydyr. Türkmenistan hem bu ýoly saýlap aldy. Türkmenistan diňe öz ykdysady maksatlaryndan ugur alýar.

Eger Hazaryň hukuk statusy anyk bolan bolanlygynda ýa-da, anyk bolmasa-da, Orsýet Hazar deňziniň asty bilen gaz geçirijiniň gurulmagyna garşy çykmaýan bolanlygynda, türkmen gazynyň uly bir bölegi Nabukko proýekti arkaly Ýewropa akdyrylardy. Emma bu häzirki wagt mümkin däl.

Şeýle ýagdaýda Türkmenistan Gündogar ýurtlary bilen bir hatarda Eýrana alternatiw hökmünde garamaga mejbur bolýar. Munuň ykdysady bähbitlerden başga maksady ýok.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanyň Gündogarda ýerleşýän ýurtlar, şol sanda, Eýran bilen aragatnaşygyny artdyrmagy bu ýurduň Günbatar bilen aragatnaşygynyň geljegi üçin nämäni aňladyp biler? Şeýle ädimleriň syýasata dahyly ýokmy?

Tabib Huseýnow: Bu wakalaryň syýasata dahylly tarapy - indi Hytaýyň Merkezi Aziýada öz täsirini artdyranlygy baradaky hakykatdyr. Eger mundan ozal Merkezi Aziýanyň agasy Orsýet bolan bolsa, häzirki döwürde Hytaý hem regionda uly güýçlerden birine öwrülip başlady.

Geljekde, belki, Merkezi Aziýada öz täsirini artdyrmak üçin Hytaý bilen Orsýet özara ýaryşarlar. Emma bu ýakyn wagtlarda boljak bir zat däl. Ýöne häzirki döwrüň hakykaty - bu regionda Hytaýyň syýasy hem ykdysady bähbitleriniň artyp barýanlygydyr.

Azatlyk Radiosy: Häzirki döwürde bolup geçýän bu wakalar Türkmenistan bilen Günbataryň aragatnaşygynyň geljegi nukdaýnazaryndan nämäni aňladýar?

Tabib Huseýnow: Türkmenistanyň öz gazyny Günbatara akdyryp bilmezligi, elbetde, Ýewropanyň Aşgabada ýetiräýmegi mümkin täsirlerini hem azaldýar. Sebäbi Ýewropa Türkmenistanyň ýerasty baýlyklary sebäpli oňa gyzyklanma bildirýär. Emma olar bu baýlyga ýetip bilmeseler, elbetde, Aşgabat Ýewropanyň üns merkezinde mydamalyk galmaz.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG