Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan Permde bolan wakany sapak edinýär


Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi.

Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi.

Russiýa Federasiýasynyň Perm şäherindäki «Хромой лошадь» gijeki klubynda bolan ýangyn türkmen hökümedini hem aýaga galdyrdy.

Şeýle köp adam pidalaryna getiren bu wakanyň Türkmenistanyň çäginde bolmazlygynyň öňüni almak maksady bilen hökümet tarapyndan degişli işler amala aşyrylyp başlandy.

Aşgabat şäher häkimligi hem-de Ýangyn howpsuzlygy edarasy bilen bilelikde düzülen ýörite komissiýa tarapyndan paýtagtyň çäginde ýerleşýän ähli restoranlardyr kafe-barlar gözden geçirildi.

Ýangyn howpsuzlygynyň talaplaryny ödemeýän restoranlardyr barlaryň ählisiniň işleri wagtlaýynça togtadyldy. Hususan-da köp gatly jaýlaryň podwallarynda ýerleşýän restoranlaryň köpüsiniň ýangyn howpsuzlygynyň talaplaryna laýyk gurnalmandygy üçin, olar wagtlaýynça ýapylmaga degişli edildi.

Paýtagtda ýerleşýän köp restoranlar köp gatly jaýlardaky podwallardan ýer alnyp, gurnalýar. Bu restoranlarda, köplenç diwarlara tagta kakylyp, köne türkmen öýleri, gamyşdan çatmajyklar goýulýar.

Aşgabat şäher häkimligi hem-de Ýangyn howpsuzlygy edarasy bilen bilelikde düzülen ýörite komissiýa bolsa şeýle ýagdaýdaky restoranlaryň ýangyn howpsuzlygynyň talabyny ödemeýändigini kesgitläp, bu restoranlary ýapdylar.

Ýapylan restoranlar ýangyn howpsuzlygyny doly üpjün edensoňlar, ýene-de işe başlamaga ygtyýar alyp bilerler.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG