Sepleriň elýeterliligi

Amerika nigeriýaly tussaga aýyplama bildirdi


Duýn Birleşen Ştatlar 25-nji dekabrda ýolagçy uçaryny partlatmaga synanyşan nigeriýaly Omar Faruk Abdulmuttalyba resmi aýyplama bildirdi.

Abdulmuttalyba alty madda boýunça, şol sanda köpçülikleýin gyryş ýaragyny ulanmak bilen, 289 adamyň janyna kast etmäge synanyşykda hem günä bildirildi.

Nigeriýaly 23 ýaşly Omar Faruk Abdulmuttalyb Amsterdamdan Detroýda uçan üçarda partlaýyjy maddany herekete getirmäge synanyşanda, ol ýolagçylar tarapyndan zyýansyzlandyrylypdy.
XS
SM
MD
LG