Sepleriň elýeterliligi

Ýemen Amerikadan ýardam islemeýär


Ýemeniň daşary işler ministri Abu Bakr al-Kurbi
Düýn Ýemeniň daşary işler ministri Abu Bakr al-Kurbi öz ýurdunda Al-Kaýdanyň garşysyna göreşe amerikalylaryň gönüden-göni gatnaşmagyna garşy çykyş etdi. Abu Bakr al-Kurbi şeýle gatnaşygyň terrorizme garşy göreşi diňe çylşyrymlaşdyrjakdygyny aýtdy.

Şol bir wagtda-da, ol Ýemeniň terrorizme garşy göreş bolümleriniň işgärlerini okatmaga amerikan instruktorlarynyň gatnaşmagyny goldady.

Ýerli häkimiýetleriň ýakynda geçiren operasiýalarynyň barşynda iki söweşiji öldürilip, güman edilýän ekstremistleriň ýene üçüsi tussag edildi.
XS
SM
MD
LG