Sepleriň elýeterliligi

Google öz ilkinji mobil telefonyny çykarýar


Googlyň önümçilik bölüminiň wise-prezidenti Mario Kueýroz taze "Nexus Bir” telefony bilen. 5-nji ýanwar, 2010

Googlyň önümçilik bölüminiň wise-prezidenti Mario Kueýroz taze "Nexus Bir” telefony bilen. 5-nji ýanwar, 2010

«Şu gün biz sizi “Nexus Bir” bilen tanyşdyrýarys» diýip, Googlyň önümçilik bölüminiň wise-prezidenti Mario Kueýroz düýn Kaliforniýada bu kompaniýanyň öz smart telefonyny satuwa çykarandygyny mälim etdi.

“Nexus Bir” internet gözleg motory Googlyň bazara çykaran ilkinji elektron enjamydyr. Agramy 130 gram, galyňlygy 11,5 millimetre barabar bu jübi telefony Googlyň “Android” operatiw iş sistemasyny ulanýar.

Bu telefonyň ses seljeriş tehnologiýasy-da bar. Ony ulanýanlar e-mail üçin diňe bir ýazuwdan däl, sesden hem peýdalanyp bilerler. Mario Kueýroz ony “üýtgeşik telefon” diýip atlandyrdy:

Sözlükde görkezilişine görä, “nexus” sözi ”sepgit” ýa ”birikme” diýen manyny berýär. “Nexus Bir” - internetiň telefon bilen tapyşýan ýeri. “Nexus Bir” – Androidl operatiw iş sistemaly jübi telefonynyň nämelere ukyplydygyny görkezýär. Ol munuň bir mysaly bolup durýar.

Täze telefon hyrydar taparmy?

Googlyň smart telefony «Apple» kompaniýasynyň iPhonyna uly bäsdeş bolar diýlip garaşylýar. Ýöne soňky ýyllarda köp satylyp, häzir 30 million adamynyň ulanyp ýören iPhonynyň san derejesine ýetýänça “Nexus Bir-e” köp wagt gerek bolar diýip çaklanylýar.

Mundan hem daşgary Googlyň telefonynyň bahasy beýlekilerden gaty ýokary. Ol Birleşen Ştatlarda 179 dollarlyk kontraktdan başlap, 529 dollara çenli barýar.

Karolina MkKarty “CNET.com” tehnologiýa internet sahypasynyň işgäri. Onuň pikiriçe, Google müşderilerden köpräk baha sorap, şol bir wagtda-da olaryň özlerine prowaýderleri saýlamaga ýol beren bolsady, onda bu onuň öz peýdasyna bolardy. Munuň sebäbi hem häzir Birleşen Ştatlarda dürli telefon kompaniýalarynyň arasynda ”kim iň öňde” diýen özara ýiti bäsdeşligiň barýanlygynda.

“Nexus Bir-iň” mümkinçilikleri

Google bazara bu gykylykdan ýokarda durýan bir täzelik getirip, adamlara öz halanyny saýlap tutmaga mümkinçilik beren bolsady, onda bu oňa haýsydyr bir syýasatçynyň öz bäsdeşlerinden ümsümlik we paýhaslylyk bilen öňe saýlanyşy ýaly, uly üstünlik getirerdi” diýip, MkKarty belleýär.

“Nexus Bir-iň” ýene bir wezipesi – Googlyň internet reklamasynyň söwdasyny goramak. Googlyň bu ugurdan alýan ýyllyk girdejisi 20 milliard dollardan hem aşýar.

Indi internete girmek üçin kompýuterden däl-de, jübi telefonyndan peýdalanýanlaryň sany gitdigiçe artyp barýar.
XS
SM
MD
LG