Sepleriň elýeterliligi

Käbir ekspertler Türkmenistanyň amala aşyrýan energiýa syýasatyna üstünlikli diýip, baha berýärler. Eýsem, ýurduň gaz eksporty boýunça mümkinçilikleriniň giňelmegi halkyň durmuşyna nähili täsir ýetirip biler?

Eýrana tarap täze turbanyň açylmagynyň ýurduň gaz eksportynyň ugurlaryny köpeltmek bilen birlikde türkmen gazynyň eksportynyň möçberini-de artdyryp biljegini ekspertler belleýärler.

Türkmenistan boýunça bilermen Aždar Gurdowyň bellemegine görä, Eýran gaza baý ýurt bolsa-da, onuň gaz baýlyklary esasan ýurduň pars aýlagyna golaý böleginde ýerleşýär we onuň Türkmenistan bilen serhetdeş giňişliklerinde gaza zerurlyk bar.

Türkiýeli bilermen Mehmet Seýfuddin Türkmenistanyň alyp barýan syýasatyny “açyk gapylar” strategiýasy diýip atlandyrdy. Bilermen ýurduň Günbatara, Hytaýa we Eýrana tarap äden ädimleriniň geljekde üstünlik getirjegine ynam bildirdi.

Girdejiler köpelermi?

Tebigy gazyň eksporty üçin mümkinçilikleriniň giňelmegi bilen Türkmenistanyň gazdan gelýän girdejileriniň-de geljekde köpelmegi göz öňünde tutulýar. Şol bir wagtda, bu halkyň durmuşyna nähili täsir eder diýen sowal hem döredýär.

Öz nobatynda synçylar gazdan gelýän girdejileriň ýakyn wagtda çürt-kesik köpelmejegini çak edýärler. Munuň sebäbi täze gaz geçirijileri doly güýjünde işläp başlaýança wagt gerekliginde.

Orsýete satyljak gazyň möçberi şu ýyl 30 milliard kubometr diýlip ylalaşylan hem bolsa, geçen ýyl Orsýete akýan gazyň kesilmeginden Türkmenistanyň çeken zyýanynyň öweziniň dolunmagy üçin hem wagt gerek bolar.

Girdejiler we onuň halka täsiri

Türkmenistanly žurnalist Amanmyrat Bugaýew häzirki wagtda Türkmenistana gazdan gelýän girdejiler ýurduň ykdysady kuwwatyna siňýär diýen pikirde. Žurnalist ýurduň içinde dünýä standartlaryna laýyk gurluşyklaryň, halkara aragatnaşyk sistemasyna degişli proýektleriň, şol sanda “Demirgazyk-Günorta” demirýol sistemasynyň durmuşa geçirilmegi ýaly proýketleriň ähmiýetini nygtady.

Şol bir wagtda-da, Amanmyrat Bugaýew «döwlet serişdelerinden halkyň sosial ýagdaýyny gowulandyrmaga has köp pul gönükdirilse gowy bolardy» diýip belledi.

Geçen ýylyň dowamynda ýurtda amala aşyrylan işleriň sanawynyň ýerli metbugatda çap edilip başlananlygyny bellemek bilen, Amanmyrat Bugaýew muny aç-açanlyga tarap ädim diýip atlandyrdy. Emma gazdan gelýän girdejilere gezek gelende welin, ol çykdajylar we girdejiler barada kopçüligiň habarly edilmeýänligini hem aýtdy.

Amanmyrat Bugaýewiň pikirine görä, halkyň durmuş derejesiniň gowulanmagy ýurduň umumy ykdysady ösüşine bagly, munuň üçin bolsa ýurduň ykdysadyýeti reformirlenip, bazar ykdysadyýetine geçilmeli.

“Bazar ykdysadyýetine geçilmese, bu mydama agyryly gürrüň bolar, mydama problema bolar. Türkmenistan 70 prosent bazar ykdysadyýetine geçjek diýýär. Şol proses çaltlandyrylsa we döwlet bujeti gazdan gelýan pullaryň hasabyna dal-de, halkdan gelýän salgydyň hasabyna kemala gelse, ine, şonda halka-da pul geler, beýleki sosial ugurlara-da pul geler. Häzirki wagtda bolsa, ahli ykdysady prosessler döwletiň eýeçiliginde” diýip, Amanmyrat Bugaýew belledi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG