Sepleriň elýeterliligi

Prawoslaw hristianlar Isa Mesihi wasp edýärler


Wladimir Putin Orsýetiň Kostroma şäherinde Roždestwo ybadatynda. 7-nji ýanwar, 2010

Wladimir Putin Orsýetiň Kostroma şäherinde Roždestwo ybadatynda. 7-nji ýanwar, 2010

Öten agşam dünýäniň dürli ýurtlarynda ýaşaýan prawoslaw hristianlar Isa Mesihiň doglan gününi belläp başladylar. Şu gün bu dini baýramçylyk giň gerimde bellenilýär.

Rus Prawoslaw kelisesiniň patriarhy Kirill Moskwada ýarygije ybadata ýolbaşylyk etdi. Bu onuň Rus Prawoslaw ybadathanasynyň ýolbaşçysy hökmünde geçiren ilkinji Roždestwo ybadatydyr.

Dört müň töweregi adam bilen birlikde prezident Medwedewiň hem gatnaşan bu ybadaty ýurduň milli telewideniýesi tarapyndan görkezildi.

Ybadathana gatnaýan ýerli ýaşaýjylardan biri Tamara Roždestwonyň özi üçin näme ahmiýetiniň bardygyny şeýle düşündirýär: “Roždestwo prawoslaw hristianlar üçin bir uly baýramçylyk. Ol täzeleniş, ýagty geljek üçin gowulyk, gözellik hem umyt”.

Ybadatdan soň, prezident Medwedew patriarha Injiliň bir modern golýazmasyny sowgat berdi. Patriarh hem Medwedewe 14-nji asyrdan 20-nji asyra çenli aralykda ýaşan rus ýazyjy-şahyrlarynyň dört tomluk saýlanan eserlerini sowgat etdi.

Sowet döwründe Orsýetde müňlerçe ybadathana weýran edilipdi. Prawoslaw Roždestwo baýramçylygy hem 1991-nji ýyldan bäri baýram edilýär.

“Interfaks” habar agentligi Moskwanyň patriarhyna salgylanyp, Roždestwonyň 7-nji ýanwarda tutuş dünýäde takmynan otuz müň töweregi rus prawoslaw ybadathanasynda baýram edilýändigni habar berýär.

Dartgynlylyk hem ýok däl

Bu günki baýramçylygyň dartgynlylyga getiren ýerleri hem ýok däl. Mysal üçin, serb prezidenti Boris Tadiç Roždestwony iki ýyl mundan ozal Serbiýadan bölünip aýrylan Kosowoda geçirdi.

Wisoki Dekani ybadathanasynda ýarygije ybadata gatnaşan Tadiç özüniň her ýyl bu ýere geljekdigini aýtdy. Soň hem: “Bu mukaddes mekan biziň kimligimize kepilnama bolup durýar” diýip, ol sözüniň üstüne goşdy.

Albanlardan takmynan 100 adam hem muňa protest bildirip, alban baýdagyny galgadyp, ýöriş geçirdiler we serblere garşy şygarlary gygyryşdylar.

Tadiçiň bu ybadathana gelmegini Kosowo häkimiýetleri-de ýiti tankytladylar. “Bu iş Serbiýa bilen Kosowanyň arasyndaky gatnaşyklaryň asudalyga gowuşmagyna ýardam etmez” diýip, Kosowonyň prezidentiniň sözçüsi aýtdy.

Ýöne Tadiç özüniň bu ýere barmakdan maksadynyň parahatçylykdygyny nygtady. Ol: “Men Serbiýanyň prezidenti hökmünde Wisoki Dekani ybadathanasyndan hemmelere parahatçylyk habaryny ýollaýaryn. Men hem Serbiýanyň ilatynyň adyndan, hem Serbiýa döwletiniň, hem-de öz adymdan gürleýärin. Men muny her zatdan öň bize asudalygyň gerekdigine ynanýandygym üçin aýdýaryn. Çylşyrymly region bolan Balkanlarda asudalyk hemmelere gerek” diyip, belledi.
XS
SM
MD
LG