Sepleriň elýeterliligi

Ganly hüjümiň jogapkärçiligini Al-Kaýda öz üstüne aldy


Ýakynda ABŞ-nyň Razwetka gullugynyň Owganystanyň Host welaýatyndaky merkezinde janyndan geçen bombaçy tarapyndan amala aşyrylan partlamanyň jogapkärçiligini şu gün Al-Kaýdanyň Owganystandaky bölümi öz üstine aldy.

Ady agzalýan agentligiň 7 işgäriniň ölümine sebäp bolan şol waka barada ýaýradan beýanatynda Al-Kaýdanyň Owganystandaky bölüminiň ýolbaşçysy Mustafa Abdul-Ýazit: “Bu Amerikanyň adamsyz uçarlarynyň Päkistanyň tire-taýpalar regionynda amala aşyrýan operasiýalaryna garşy görlen çäredir” diýip, belläpdir.

Onuň bu beýanaty Al-Kaýda bilen baglanşyklydygy aýdylýan bir gurama tarapyndan dolandyrylýan web-sahypada çap edildi.

Amerikan Razwedka gullugynyň resmileri şol bombaçynyň Humam Halil Abu-Mulal Al-Balawi atly iki tarapa işleýän içaly bolup çykandygyny aýdýarlar. Yagny, olar bu adamyň başta Al-Kaýda toparyna islap, soňam onuň Iordanyň gizlin gullugy tarapyndan işe cekilen adamdygynyň anyklananlygyny mälim etdiler.
XS
SM
MD
LG