Sepleriň elýeterliligi

Eýran bilen Yrak serhet barada pikir alşarlar


Eýranyň hökümeti Eýran bilen Yragyň resmileriniň çekeleşikli serhet liniýalary barada özara pikir alyşjakdyklaryny habar berdi.

Eýranyň daşary işler ministri Manuçehr Mottaki bu mesele barada deslapky gepleşikleriň bir hepdäniň dowamynda başlajakdygyny mälim etdi.

Ol bu barada sözlän sözünde bu iki ýurdyň gury ýer we deňz serhetlerini kesgitlemek baradaky diskussiýalaryň geljekki hepdelerde dowam etdiriljekdigini aýtdy.

Ol bu barada şu gün Yragyň paýtagty Bagdatda eden çykyşynda aýtdy. Ol bu saparynyň barşynda howpsuzlyk boýunça özara hyzmatdaşlyklar bilen birlikde serhet meseleleri barada-da yrakly ýolbaşçylar bilen pikir alyşýar.
XS
SM
MD
LG