Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystandaký partlamada 7 adam heläk boldy


Owganystanyň günortasynda ýerleşýän Gardiz welaýatynda şu gün bolan partlamada howpsuzlyk güýçleriniň agzalary bilen bir hatarda jemi 7 adam heläk boldy.

Janyndan geçen bombaçy tarapyndan amala aşyrylan şol hüjümde ýene azyndan 24 adam ýaralandy.

Ölenleriň arasynda goňşy Logar welaýatynyň howpsuzlyk güýçleriniň ýolbaşçysynyň we onuň jan pynasynyň-da bardygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG