Sepleriň elýeterliligi

Özbegistan iki gyrgyz serhet gullukçysyny boşatdy


Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugynyň maglumatyna görä, Özbegistanyň territotiýasynda ýakynda tussag edilen iki sany gyrgyz serhet gullukçysy çarşenbe güni Gyrgyzstana gaýtarylyp berlipdir.

Maglumata görä, Gyrgyzistanyň serhet güýçleriniň başlygynyň orunbasary Çolponbek Turusow gyrgyz esgerleriniň tussag edilmegi bilen baglanyşykly waka boýunça derňew işleriniň geçirilýänligini mälim edipdir.

Bu waka barada ýayradylan desläpki habarlarda bu esgerleriň serhediň golaýynda ýerleşýän bir özbek obasyndan sygyr ogurlamaga synanşan wagtlary tussag edilendikleri aýdylýar.

Mäglumata görä, bu gyrgyz esgerleri ýerli ýaşaýjylar tarapyndan tutulyp, soňra Özbegistanyň howpsuzlyk güýçlerine tabşyrylypdyr.
XS
SM
MD
LG