Sepleriň elýeterliligi

Fransiýa Aşgabat bilen gatnaşyklary giňeltmekçi


Franisýanyň prezidenti Nikolýa Sarkozi.

Franisýanyň prezidenti Nikolýa Sarkozi.

7-nji ýanwarda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Fransiya Respublikasynyň prezidentiniň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen ykdysady we syýasy gatnaşyklar boýunça ýörite wekili, senator Aýmeri de Monteskýu Fezensagy kabul etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi mediasy habar berýär.

Duşuşygyň barşynda Aýmeri de Monteskýu Fezensak Türkmenistan bilen gatnaşyklary ösdürmäge Fransiýanyň uly gyzyklanma bildirýändigini mälim etdi.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem Türkmenistanyň Fransiýa Respublikasy bilen iki taraplaýyn formatda, hem-de Ýewropa Bileleşigi bilen geçirilýän gepleşikleriň çäginde özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

Berdimuhamedowyň belläp geçmegine görä, döwletara hyzmatdaşlygynyň baý potensiýaly köp sanly ugurlar boýunça iki ýurduň arasyndaky netijeli gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna şert döredýär. Türkmen prezidenti muňa mysal edip, türkmen-fransuz hyzmatdaşlygy bilen bir hatarda, ýakynda Fransiýanyň “Buig Batiman International” kompaniýasy bilen gol çekişilen gurluşyk şertnamalaryny agzap geçdi.

Şeýle hem taraplar iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alşyp, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmegi boýunça maslahat etdiler.

Duşuşykda gumanitar hyzmatdaşlyk boýunça iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar barada hem gürrüň edilip, medeni we ylmy gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçiliklerine garaldy.

Sarkozi hat ýollady

Fransiya Respublikasynyň prezidentiniň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen ykdysady we syýasy gatnaşyklar boýunça ýörite wekili Aýmeri de Monteskýu Fezensak Franisýanyň prezidenti Nikolýa Sarkoziniň türkmen prezidentiniň adyna ýollan ýörite hatyny hem gowşurdy.

Prezident Sarkozi öz hatynda Türkmenistanyň prezidentini we halkyny täze 2010-njy ýylyň ýetip gelmegi bilen gutlap, soňky aýlaryň dowamynda Türkmenistanyň we Fransiýanyň hökümet wekilleriniň iki ýurduň arasyndaky iş saparlary netijesinde gatnaşyklaryň has güýçlenendigine ünsi çekýär.

Sarkozi Ýewropanyň energiýa howpsuzlygy boýunça Türkmenistanyň wajyp hyzmatdaş bolup durýandygyny bellemek bilen, halkara parahatçylygy we howpsuzlygy boýunça möhüm meseleleriň üstünde işlenilýän häzirki döwürde Merkezi Aziýanyň strategiki region bolup durýandygyny öz ýollan hatynda ýazýar.

Sarkoziniň ýollan hatynda aýdylmagyna görä, fewral aýynda Berdimuhamedowyň Pariže saparynyň dowamynda gazanyljak medeni we syýasy ylalaşyklar fransuz kompaniýalary tarapyndan birnäçe ýyl öň başladylan ykdysady we beýleki ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň üstünlikli giňeldilmegine ýol açar.

Agzalmadyk mesele

Ogulsapar Myradowanyň dogany Annadurdy Hajyýew (sagda) we türkmen diplomaty Pariždäki türkmen ilçihanasyndaky protest wagtynda. Sentýabr, 2008-nji ýyl.
2006-njy ýylyň iýun aýynda graždan aktiwistleri Sapardurdy Hajyýew, Annagurban Amangylyjow hem-de Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy Ogulsapar Myradowa tussag edileninden soň Fransiýa Türkmenistana adam hukuklary we metbugat azatlygy boýunça boýun alan borçlaryny ýerine yetirmäge çagyryş edipdi.

Fransiýa şol waka boýunça “soňky ädiljek ädimler” babatda beýleki Ýewropa Bileleşigi döwletleri bilen maslat etjekdigini duýduranyndan soň hem Aşgabadyň öz kararyny üýtgetmezligi, şeýle hem žurnalist Ogulsapar Myradowanyň tussaglykdaka syrly ýagdaýda aradan çykmagy Fransiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň sowamagyna getiripdi.

Graždan aktiwistleri Annagurban Amangylyjow hem-de Sapardurdy Hajyýewiň azatlyga çykarylmagy meselesinde bolsa, halkara guramalary we adam hukuklary boýunça toparlar türkmen häkimiýetlerine her ýyl yzygiderli çagyryş edip gelýärler.

Gatnaşyklaryň taryhy

Fransiýanyň Türkmenistandaky missiýasy 1994-nji ýylda prezident Fransua Mitterrandyň Aşgabada saparynyň dowamynda açyldy we bu missiýa 1999-njy ýylda ilçihana statusy berildi.

Türkmenistanyň bitaraplyk statusy babatda BMG tarapyndan 1995-nji ýylda kabul edilen rezolýusiýa boýunça Fransiýanyň goldawy, gazanylan birnäçe
Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar geçmişde “türkmen režiminiň eden hereketleri netijesinde” zyýan çekdi
döwletara ylalaşyklar hem-de 1996-njy ýylda Türkmenistanyň şol wagtky prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň Pariža eden saparynyň netijesinde başlangyçdaky gatnaşyklar gowy depginde ýola goýlan hem bolsa, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar geçmişde “türkmen režiminiň eden hereketleri netijesinde” zyýan çekdi diýlip, Fransiýanyň Daşary işler ministrliginiň diplomatiýa boýunça resmi internet metbugatynda aýdylýar.

Fransiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky ykdysady gatnaşyklar esasan hem “Buig”, “Technip” we “Thales” ýaly kompaniýalaryň türkmen hökümeti bilen baglaşan iri şertnamalaryna esaslanýar. Fransiýa Türkmenistana tehniki enjamlary eksport edýär we bu ýurtdan energiýa we oba-hojalygy önümlerini satyn alýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG