Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysraýyl Gaza sektoryna zarba urdy


Hepdäniň penşenbe güni Ysraýylyň harby uçarlary Palestinanyň Gaza sektoryna birnäçe gezek zarba urdy. Maglumatlara görä, bu hüjümde Gaza, Han-Ýunus we Rafah şäherlerindäki obýektler oka tutulypdyr.

Synçylar bu howa hüjümlerine Gaza sektoryndan Ysraýylyň territoriýasynyň oka tutulmagyna berlen jogap hökmünde baha berýärler.

Penşenbe güni Amerikanyň Birleşen Ştatlary ysraýyl-palestin gepleşiklerini ýaňadan dikeltmek üçin tagallalaryny güýçlendirjekdigini yglan etdi.

Şu gün Waşingtonda Birleşen Ştatlaryň Ýakyn Gündogar boýunça ýörite wekili Jorj Mittçelliň we Döwlet sekretary Hillari Klintonyň bu problemany Iordlaniýanyň we Müsüriň ýokary derejeli resmileri bilen ara alyp maslahatlaşjakdyklary habar berilýär.
XS
SM
MD
LG