Sepleriň elýeterliligi

Ýewropa sudy Orsýet bilen Kipri günäli tapdy


Düýn ynsan hukuklary boýunça Ýewropa sudy adam söwdasyny gadagan etmek baradaky kanuny bozmakda Orsýeti hem-de Kipri günäli tapdy.

Hususan-da, sud bu iki ýurda 2001-nji ýylda orsýetli medeni çäreleri gurnaýjy edaranyň işgäri Oksana Rançewanyň ölümi bilen baglanyşykly günä bildirdi.

Kiprde gümürtik ýagdaýlarda öli tapylan 20 ýaşly Rançewanyň kakasy Strasburg suduna şikaýat edipdi.

Maglumata görä, Oksana Rançewa Kipre ýörite artistik wiza bilen barypdyr. Suduň aýtmagyna görä, şolar ýaly wiza köplenç adam söwdasynda jenaýatçylykly maksatlar üçin ulanylýar eken.
XS
SM
MD
LG