Sepleriň elýeterliligi

Fransiýa müsürli ruhanyny ýurtdan çykardy


Düýn Fransiýanyň häkimiýetleri Müsüriň raýaty, musulman ruhanysy Ymam Aly Ibragim al-Sudanyny ýurtdan çykardylar.

Fransiýanyň içeri işler ministri Bris Ortefonyň bu baradaky beýannamasynda Ymam Aly Ibragim al-Sudanynyň musulmanlary Günbatara garşy göreşe çagyrandygy we Günbatar jemgyýetiniň gymmatlyklaryny masgaralap, zorlugy öjükdirendigi aýdylýar.

Ibragim al-Sudany Müsüre deportasiýa edilmezinden öň Parižiň etegindäki metjitde birnäçe aýlap mollaçylyk edipdi we ýerli musulmanlara dini sapak bermek bilen meşgullanypdy.

Maglumata gorä, 2001-nji ýyldan bäri musulman ruhanylarynyň we wagyzçylarynyň 29-sy özleriniň radikal wagyzlary üçin Fransiýadan çykarylypdyr.
XS
SM
MD
LG