Sepleriň elýeterliligi

Mahaçgalada ýene-de partlama boldy


Öten agşam Orsýetiň Dagystan respublikasynyň paýtagty Mahaçgalada milisiýa ulagynyň barýan ýolunda partlama boldy.

«Interfaks» habar agentligi Mahaçgala şäheriniň içeri işler edarasyna salgylanmak bilen, bu partlamada hiç kimiň ejir çekmändigini habar berýär.

Hepdäniň çarşenbe güni Dagystan respublikasynda janyndan geçen bir hüjümçiniň bir ýerli awtoinspeksiýa edarasynyň jaýynda amala aşyran partlamasynda 5 sany milisiýa işgäri ölüp, 19 adam hem ýaralanypdy.
XS
SM
MD
LG