Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranyň Oslodaky konsuly protest bildirýär


Düýn Norwegiýanyň paýtagty Oslodaky Eýranyň konsuly Mohammet Reza Heýdari Eýranda oppozisiýanyň çykyşlarynyň güýç bilen basylyp ýatyrylmagyna protest hökmünde öz gulluk wezipesini terk edýändigini tassyklady.

«Frans-press» habar agentligine beren interwýusynda Mohammet Reza Heýdari bu wakadan soň öz watanyna dolanmajakdygyny hem mälim etdi.

Hepdäniň çarşenbe güni Eýranyň Norwegiýadaky ilçihanasy konsulyň iş başyndan çekilýändigi baradaky maglumaty inkär edipdi. Ilçihana özüniň bu baradaky beýanatynda Mohammet Reza Heýdariniň iş möhletiniň bir aý mundan öň tamamlanandygyny öňe sürüpdi.
XS
SM
MD
LG