Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanda ýene gymmat gurluşyklar bolar


Düýn Türkmenistanyň prezidenti ýurtda köp ýyllar bäri gurluşyk işlerini alyp barýan Fransiýanyň “Buig” we Türkiýäniň “Polimeks” kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi.

Bu duşuşykda prezident Berdimuhamedow bu resmileriň hödürlän proýektleri, eskizleri bilen tanyşdy we olara bellikler, teklipler etdi.

«Türkmenistan Altyn asyr» internet saýty hödürlenen proýektleriň arasynda Aşgabadyň merkezinde guruljak «Oguzkent» saýlantgy myhmanhanasynyň, milli döwletliligiň hem täze taryhy eýýamyň ägirtliginiň simwoly boljak prezident köşkler toplumynyň hem bardygyny habar berýär.

Maglumata gorä, bu proýektdir eskizleriň hatarynda Kaspiniň kenaryndaky deňiz porty, paýtagtyň ýadygärlikler hem arhitektura ansambllary, seýilgähleriň we şäherçeleriň gurluşyklary-da bar.

Geçen ýylyň ahyrynda kabul edilen Türkmenistanyň 2010-njy ýyl üçin 16 milliard dollarlyk döwlet býujetinde gurluşyk işleri üçin 12 milliard dollar göz öňünde tutulypdy.
XS
SM
MD
LG