Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Amerikan resmisi Eýrana umyt baglaýar


ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Eýran boýunça kömekçisi Jon Limbert
ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Eýran boýunça kömekçisi Jon Limbert

Eýranda soňky aýlarda ýüz berýän wakalar, bu wakalar babatynda Birleşen Ştatlaryň tutumy we iki ýurt arasyndaky 30 ýyllyk duşmançylyk barada Amerikanyň Döwlet sekretarynyň Eýran boýunça kömekçisi Jon Limbert bilen Azatlyk Radiosy ýörite söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Prezident Barak Obama öten hepdede eden çykyşynda Eýran hökümetiniň öz bigünä ilatyna garşy zorluk ulanmagyny ýazgardy. Üstümizdäki hepdede hem Döwlet sekretary Hillary Klinton Birleşen Ştatlaryň parahatçylykly protest geçirýän eýranlylaryň tarapyny tutýandygyny aýtdy. Bu aýdylýanlara nähili düşünmeli?

Jon Limbert: Bu edil aýdylyşy ýaly. Biziň syýasatymyz bu babatda gaty aýdyň. Biz Eýran halkynyň hukuklaryny goraýarys. Hökümet olara garşy güýç ulansa, olary horlasa, biz dymyp oturmarys.

Azatlyk Radiosy: Birleşen Ştatlaryň «Eýran halkynyň tarapyny tutýarys» diýmesi onuň diňe dil arkaly we moral taýdan tarapyny tutýandygyny aňladýarmy?

Jon Limbert: Eýranda soňky günlerde bolan gynançly wakalar barada biziň tutumymyz belli. Biz dünýäniň beýleki milletleri ýaly, Eýran halkynyň-da öz hökümeti tarapyndan adamkärçilikli çemeleşige hukuklydygyna ynanýarys. Eýran milleti-de öz garaýyşlaryny aýtmaga, söz azatlygyna we zulum edilmeginden gorkman, ýolbaşçylaryny tankytlamaga hukukly.

Azatlyk Radiosy: Siz 1979-njy ýylyň wakalaryny-da, Eýran Rewolýusiýasyny-da gördüňiz. Soňky aýlarda ýüz beren wakalary 30 ýyl mundan ozal bolan wakalar bilen deňäp bolarmy?

Jon Limbert:
Meniň pikirimçe, käbir meňzeşlikler ýok däl. Hökümet Eýran halkynyň legitim, kanuny talaplaryna nähili jogap bermelidigi barada belli bir karara gelmekde kynçylyk çekýäne meňzeýär. Ol näçe zorluk ulansa, şonça özüne zyýan ýetirer.

Azatlyk Radiosy: Ýaňy-ýakynda Döwlet sekretary Klintonyň «gepleşikler üçin gapy açyk» diýmesini Eýranyň Daşary işleri ministrligi oňat garşylady. Birleşen Ştatlar özüniň ynam etmeýän we ýurduň köp eýranlylaryň hem kanuny diýip hasaplamaýan hökümeti bilen gepleşige hakykatdanam meýillimi? Siziň ýaňy belleýşiňiz ýaly, bu öz ilatynyň garşysyna zorluk ulanýan hökümet ahyryn!

Jon Limbert:
Bu dogry. Men prezident Obamanyň Osloda Nobel Parahatçylyk baýragyny alanda eden çykyşyna salgylanmak isleýärin. Ol şonda «Biz döwlet tarapyndan edilýän islendik gazaply hereketleri ýazgarýarys» diýdi. Ol diňe Eýrany göz öňünde tutanok. Biz her bir döwletiň öz raýatlarynyň garşysyna zorluk ulanmagyny ýazgarýarys. Ýöne, şol bir wagtda-da, hemmelere mälim bolşy ýaly, biz käte bu ugurda iki tarapa-da bähbitli meseleler barada hökümetler bilen gepleşige-de taýyn.

Azatlyk Radiosy: Käbir tankytçylar Eýran tarapy Birleşen Ştatlar bilen gatnaşyklaryny täzelemäge taýyn däl diýýärler. Muňa näme diýersiňiz?

Jon Limbert:
Biz iki tarap 30 ýyllyk duşmançylygy we birek-birege ynamsyzlygy, alaga-da, ilkinji ädimlerde arka atar diýip garaşamzok. Ýöne, taraplar muňa bu gün taýyn bolmasa, ertir ýä geljek hepde taýyn bolar. Bu meselelerde gaty sabyrly bolmak gerek.

XS
SM
MD
LG