Sepleriň elýeterliligi

Mehdi Karrubä ok atylandygy habar berilýär


Şu gün Eýranyň Seham-News internet saýty eýranly oppozisiýa lideri Mehdi Karrubiniň maşynyna ok atylandygyny habar berdi. Ýöne bu wakada Karrubä hiç zat bolmandygy habar berilýär.

Maglumata görä, şu gün bu wakanyň öňýany Mehdi Karrubi Gazwin şäherinde aradan çykan deputatyň ýasyna baranda hökümete tarapdar adamlaryň bir topary ony ýazgaryp, protest bildiripdirler.

Ýöne Seham-News internet saýtynyň bu maglumaty heniz resmi taýdan tassyklanylmady.
XS
SM
MD
LG